Türkmenaragatnaşyk agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Türkmenaragatnaşyk agentliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

1-nji aprelde Türkmenaragatnaşyk agentliginiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öwüt-ündewleri we gymmatly maslahatlaryna esaslanyp, Ata-Watanymyzy özgertmek hem-de asylly ýörelgelere eýerip halal we ruhubelent zähmet çekmek dogrusynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Baş Prokuraturasynyň we Türkmenaragatnaşyk agentliginiň wekilleri ylmyň we tehnologiýanyň gazananlary esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny has-da gowulandyrmak boýunça öňde goýlan täze, belent wezipeler barada çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşan aragatnaşyk pudagynyň ýaş hünärmenleri öz gezeginde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de ýokary hilli, elýeterli we özboluşly täze sanly çözgütleri işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işleri giň gerim bilen dowam etdirip, öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdiler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň polisiýasy hususy ulaglara jerime ýazmak işini güýçlendirdi
Çeşme: Aliment töläp bilmeýänleriň üstünden ýazylan arzalar rekord derejä ýetdi
Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy
Saraýewoda bomba howsalasy başdan geçirilýär
Polşada Russiýa üçin içalylyk eden bir adam göz tussaglygyna alyndy
Balkan welaýatynyň migrasiýa gulluklary prokuratura tarapyndan barlanýar
Meksikada terk edilen ýük ulagynyň içinde 343 immigrant tapyldy