Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär

Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär

Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze startaplara (StartUp) badalga bermek maksady bilen, Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär.

Bäsleşik 7 ugur boýunça geçiriler:

Bäsleşige hödürlenýän taslamalary (oýlap tapyşlary) seljermek üçin, eminlik etmek maksady bilen, wagtlaýyn ýörite seljeriş topary döredilýär.

Düzgünnamada bellenilişi ýaly, döredilen (düzülen) oýlap tapyşlaryň şu aşakdaky talaplaryň göz öňünde tutulyp taýýarlanylmagy möhümdir:

Taslamanyň wajyplygy, önümçilige ornaşdyrylmagynyň mümkinçiligi;

Ýazylan programma üpjünçiligiň esaslandyryş kodlary bolmalydyr.

Bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat edilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir we toparyň ýolbaşçysy anyk kesgitlenmelidir).

Şu bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýänleriň resminamalary ýaşlar tarapyndan hödürlenip biliner.

Bäsleşige gatnaşmak üçin, gatnaşýan şahsyň (topar ýolbaşçysynyň) ýazmaça arzasy, çap edilen maglumatynyň (agzalarynyň), pasportynyň nusgalary we hödürlejek taslamalarynyň mazmunynyň bolmagy zerurdyr.

Bäsleşige gatnaşyjylary bellige almak we oýlap tapmalary baradaky teklipler telecom.tm internet saýtynda elektron görnüşinde kabul ediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenaragatnaşyk agentligi tarapyndan Sanly çözgüt — 2024 atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär
Haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde çagalaryň arasynda surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
12-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
7-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Lebabyň mekdep okuwçylaryna ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'
Akyldar şahyryň belent sarpasy