Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär

Türkmenaragatnaşyk agentligi Ak şäherim Aşgabat sergisinde gazananlaryny görkezýär

Türkmenaragatnaşyk agentligi Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanyp geçirilýän Ak şäherim Aşgabat atly XXIII köpugurly halkara sergisine gatnaşýar diýip, Turkmenportal-yň habarçysy habar berýär.

Agentlik sergide telekommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamyndaky üstünliklerini hem-de hyzmatlaryny hödürleýär. Sergi diwarlygynyň ekranlarynda internet, öýjükli aragatnaşyk, telewideniýe ulgamlarynyň, şeýle hem ilat we işewürlik üçin beýleki aragatnaşyk hyzmatlarynyň soňky täzelikler görkezildi.

Türkmenaragatnaşyk agentliginiň hünärmenleri myhmanlara täze tehnologiýalaryň we hyzmatlaryň artykmaçlyklary barada jikme-jik gürrüň berýärler, ýokary tizlikli internetiň ösmegine, öýjükli aragatnaşygyň hilini ýokarlandyrmaga, şeýle hem raýatlar we kärhanalar üçin sanly hyzmatlaryň gerimini giňeltmäge döwletiň aýratyn üns berýändigini aýratyn nygtaýarlar.

Ak şäherim Aşgabat atly köpugurly halkara sergi öz işini 25-nji maýa çenli dowam eder we 160-dan gowrak kompaniýanyň hem-de döwlet edaralarynyň önümleri we hyzmatlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döreder.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda nebit-gaz pudagy boýunça halkara sergi (OGT-2024) açyldy
72 müňden gowrak türkmenistanly täjirçilik we söwda maksady bilen Özbegistana bardy
Russiýa 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň medeni edaralaryna 750-den gowrak kitap sowgat eder
РОССИЯ ПЕРЕДАСТ БОЛЕЕ 750 КНИГ КУЛЬТУРНЫМ УЧРЕЖДЕНИЯМ ТУРКМЕНИСТАНА ДО КОНЦА 2024 ГОДА
Aşgabatda türkmen-täjik Hökümetara topluşygynyň 13-nji mejlisi geçiriler
Hökümetçi neşirler daşary ýurtlarda bolup geçýän 'negatiw wakalara' ýygy-ýygydan ünsi çekip başlady