Türkmenabatly ýetginjekleriň iki toparynyň arasynda gapma-garşylyk boldy

Türkmenabatly ýetginjekleriň iki toparynyň arasynda gapma-garşylyk boldy

Lebabyň Türkmenabat şäherinde orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň iki toparynyň arasynda gapma-garşylyk boldy.

Waka gatnaşan ýaş ýetginjekler ýanlary bilen kätmen, pil ýaly “ýaraglary” getiren bolsalar-da, onda ýaralanan bolmady. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 21-nji awgustda sebitden maglumat berdi.

“14-nji awgustdaky wakada şäheriň “Himikler köşgi” we “Üç punkt” etrapçalarynyň ýetginjekler toparlary şäheriň ähli ýetginjekleriniň üstünden agalyk etmek ugrundaky dawany çözmeklik niýeti bilen çöle toplandylar. Ýetginjekler polisiýanyň gözüne düşmez ýaly Mara gidilýän ýol bilen, çöl tarapa barýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly “Himikler köşgi” etrapçasynyň ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň tassyklamagyna görä, olaryň ýanlarynda pil, kätmen, taýak we demir zynjyrlar ýaly “sowuk ýaraglar” hem bar eken.

Ýöne iki toparyň özaralarynda saýlan “ýolbaşçylarynyň” güýç synanyşygy netijesinde, olaryň biri ýeňlipdir.

“Şondan soňra iki toparyň agzalary söz arkaly düşünişip, dawany çözüpdirler” diýip, “Üç punkt” etrapçasyndaky ýetginjekleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Ol gapma-garşylygyň döremegine “Himikler köşgi” etrapçasynyň ýetginjekler toparynyň beýleki etrapçanyň ýetginjeginiň ýoluny kesip, mobil telefonyny talamagynyň sebäp bolandygyny hem belledi.

Gapma-garşylygy Azatlygyň Türkmenabadyň şäher polisiýa bölümindäki ygtybarly çeşmesi hem tassyklap, polisiýanyň çaknyşykdan habarlydygyny aýtdy.

Ýöne ol bu barada arz-şikaýatlaryň we trawmatologiýa bölümine ýüz tutmalaryň bolmandygy sebäpli, polisiýanyň waka göz ýumandygyny belledi.

“Welaýatda ýetginjekleriň arasyndaky toparlaýyn uruşlaryň sany köpelýär. Olar öz ýanlary bilen pil, kätmen, taýak we demir zynjyrlar ýaly “sowuk ýaraglary” alyp gidip, indi bu uruşlary köplenç çölde amala aşyrýarlar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz aýtdy.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada welaýatyň Polisiýa müdirliginden we Türkmenabadyň polisiýa bölüminden resmi teswir alyp bilmedi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýaş ýetginjek oglanlaryň arasynda bolup geçýän uruşlar barada has köp maglumatlar peýda bolýar.

Şu ýylyň iýunynda Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda toparlaýyn ýakalaşyklaryň we talaňçylyklaryň göz-görtele köpelendigi habar berildi. Şonda ene-atalaryň, okuwçylaryň ençemesi we polisiýa bölümindäki çeşmämiz ýetginjekleriň pyçaklanmagy ýaly wakalaryň hem bolýandygyny aýdypdylar.

Geçen ýylyň dekabrynda bolsa, habarçylarymyz paýtagtda we ýurduň beýleki şäherlerinde ýetginjekleriň arasynda toparlaýyn uruşlaryň artýandygyny habar berdiler. Şonda ýetginjekleriň arasyndaky baş-başdaklyklar olaryň “Ýigdekçäniň sözi. Asfaltdaky gan” rus teleserialyna tomaşa edip, ondan ylham almagy bilen ilteşdirilipdi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri bu wakalar barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Ýöne soňky ýyllarda häkimiýetler ene-atalar bilen ýygnaklary geçirip, olardan howpsuzlygy üpjün etmek we çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talabyny artdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda ýetginjekleriň iki toparynyň arasynda gapma-garşylyk boldy
Büzmeýinde ýetginjekler topar bolup ýakalaşdy
Türkmenistanly ýetginjekler sebit ýaryşyndan 15 medal bilen dolandylar
Ýurdumyzyň samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynda 26 medal gazandylar
Görüş mümkinçiligi çäkli adamlaryň arasynda küşt boýunça Aşgabat şäheriniň çempionaty geçirildi
Ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda agyr atletika boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirilýär