Türkmenabatly lukmanlar gorkuzylmakdan, paç tölemekden ýadandyklaryny’ aýdýarlar

Türkmenabatly lukmanlar gorkuzylmakdan, paç tölemekden ýadandyklaryny’ aýdýarlar

Türkmenistanyň saglyk pudagyndaky parahorlugyň yzyn taryhy bar we ozal bu ýagdaýdan näsaglar, olaryň hossarlary zeýrenen bolsa, indi tejribeli lukmanlar, pensiýa ýaşyna golaýlan tanymal hünärmenler hem dat’ edýär. Has anygy, olar ilatdan alýan aklyklarynyň başlyklaryň elini güýçlendirýändigini’, işden kowmak haýbatyny atyp, olaryň özlerini talaýandygyny’ öňe sürýärler.

Türkmenabatdaky Tiz kömek gullugynyň, Çagalar welaýat hassahanasynyň, sebit merkezindäki 1-nji, 2-nji, 3-nji we 5-nji şäher saglyk öýleriniň işgärleri ýolbaşçylaryň işdäleriniň gaty açylandygyny’ aýdyp, ahyrynda Azatlygyň üsti bilen seslerini eşitdirmek kararyna gelene meňzeýär.

Azatlygyň Lebapdaky habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen lukmanlaryň tassyklamaklaryna görä, Türkmenabat şäheriniň saglyk edaralarynyň ýolbaşçylary saglyk işgärlerinden para almagy “öňräkden we gowy ýola goýupdyrlar”.

Azatlygyň habarçysy işden kowulmak haýbaty astynda para beren şepagat uýalarynyň, lukmanlaryň atlaryny, işleýän we ýaşaýan ýerlerini howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýar.Anonimlik şertinde gürleşen saglyk işgärleri özleriniň, işden kowulmazlyk üçin, her aýda belli bir möçberde paç tölemäge mejbur edilýändiklerini’ gürrüň berdiler.

Olaryň tassyklamagyna görä, para alýan başlyklaryň arkasynda bu pudaga gözegçilik edýän döwlet edaralary durýar we olaryň üstünden arz, şikaýat edeniň peýdasy ýok’.

Azatlyk bilen aýry-aýrylykda, biri-birinden habarsyz gürleşen lukmanlaryň sözlerinden çykýan netije bu bu usulyň ençeme ýyl bäri dowam edýändigini we gowy işleýändigini’, olara ýurtdaky işsizligiň örän gowy kömek edýändigini görkezýär.

“Häzir adamlary para bermäge mejbur etmek üçin uly akyl gerek däl. Saglyk edaralarynyň ýolbaşçylary lukmanlara we şepagat uýalaryna diňe “Ýeriňize işe gelmek isleýän täze kadr kän” diýse ýeterlik, bu olaryň her aýda 300-500 manat möçberinde paç tölemegini üpjün edýär” diýip, çeşme aýtdy.

Azatlygyň habarçysy emele gelen ýagdaýy has anyk göz öňüne getirmek üçin bu pudakda ozal işlän we häzir işläp ýören adamlaryň ençemesi bilen aýratynlykda söhbetdeş boldy.

“Şepagat uýalary we lukmanlar baş lukmana ýyllar boýy paç töläp gelýärler. Şepagat uýalary aýyna 300 manat, maşgala lukmanlary we ýörite ugurdan ýöriteleşýän lukmanlar bolsa başlyga 500 manat pul geçirýär.

Para bermeseň, edarada işlemez ýaly edýärler.Lukmanlaryň käsi çydap bilmän, işini taşlap gidýär, käsi bolsa käýinç berlip, dürli bahanalar bilen işden atylýar.Boşan iş orunlaryna bolsa, başlyk öz islän adamlaryny ýerleşdirýär” diýip, 3-nji şäher saglyk öýüniň lukmany anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Onuň aýdanlaryny 2-nji şäher saglyk öýüniň lukmany hem anonimlik şertinde tassyk etdi.

“Men öz işleýän edaramda on ýyl çemesi wagt bäri zähmet çekýärin. Arada baş lukmanyň orunbasary kabinetime gelip: “Öz islegiňiz bilen işden gidýändigiňiz hakynda arzany ýazyň. Başlyk diýdi” diýip, haýbat atyp gitdi. Bu meniň ýa para bermelidigimi, ýa-da işden gitmelidigimi, başga çykalgamyň ýokdugyny aňladýar” diýip, türkmenabatly lukman öz tejribesini paýlaşdy.

Lukmanlaryň biri bu ýerde para alýan ýolbaşçylaryň elini güýçlendirýän’ ýagdaýyň hem bardygyny, ilatdan aklyk’ almak praktikasynyň para bermäge mejbur edilýän saglyk işgärleriniň dilini kelte edýändigini aýtdy.

“Saglyk edarasynyň ýolbaşçylary saglyk işgärlerine hassalar size aklyk berýärler, üstesine hökümetden hem aýlyk alýarsyňyz” diýýärler. Bu, ýolbaşçylaryň pikiriçe, aç-açan soralýan pajy ýa parany aklaýar’. Emma bize berilýän aýlyk iki hepdelik azyga zordan ýetýär” diýip, Tiz kömek gullugynyň lukmany öz goşmaça gazanjyna göz dikilmeginden gaty nägiledigini’ aýtdy.

Onuň sözlerine görä, birinjiden, bu adamlaryň lukmanlaryň ýagdaýyny bilip, ak ýüreginden berýän zady, ikinjiden, soňky ýyllarda paç töläp bilýän lukman hem azaldy’.

Aýdylmagyna görä, paç soraýan ýolbaşçylar esasan ýaşy pensiýa ýaşyna ýakynlaşan, işine ussat bolan saglyk işgärlerini nyşana alýar’.

“Hassalar we degişli etrapçalaryň ýaşaýjylary ýaşuly ýa-da tanymal, işine ussat hasaplanýan lukmanlara kän ýüz tutýarlar. Başlyklar bolsa, olaryň goşmaça girdejisiniň, aýlykdan daşary we bikanun gazanjynyň ganymatdygyny’ çaklap, öz paýlaryny almaga synanyşýarlar” diýip, çagalar welaýat hassahanasynyň lukmany aýtdy.

5-nji saglyk öýüniň lukmany bolsa, “resminamalardan kemçilik gözlenip başlansa, paç tölemeli wagtymyzyň gelendigine düşünýäris” diýdi.

Onuň tassyklamagyna görä, baş lukmanyň orunbasary ýa-da baş şepagat uýasy maşgala şepagat uýalaryna, maşgala lukmanyna berkidilen uçastogyň ýaşaýjylarynyň saglyk kartoçkalaryny, hassalyk taryhyny we şuňa meňzeş resminamalary barlap başlasa’, işgärler başlygyň otagyna baryp, pajyny berip gaýtmaga başlaýar’.

Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen saglyk işgärleri bu ýagdaý barada Saglyk ministrliginiň welaýat bölümine, hukuk goraýjy edaralara şikaýat etmegiň gowy netije berjekdigine’ ynanmaýarlar.

“Baş lukmanlar Saglyk ministrliginiň welaýat bölümeri tarapyndan işe bellenilýär. Şikaýat edeniň peýdasy ýok, olar biri-birini goraýar” diýip, çagalar öýünde işleýän lukman öz öňki kärdeşiniň başlyga para berşini gizlinlikde wideo ýazgy edip, subutnama hökmünde Saglyk ministrliginiň welaýat bölümine eltendigini gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, arz eden lukmany MHM-niň işgäri soraga çekip, “Saňa kim gizlin wideo ýazgy öwretdi? Daşary ýurtda ýaşaýan garyndaşlaryň barmy? Bu wideony internete ýüklediňmi?” diýen ýaly soraglary berip, gaty gorkuzypdyr’.

Azatlyk, maglumat üçin ýapyk bolansoň, Türkmenistanyň degişli edaralaryndan ýurt içinden gelýän maglumatlar boýunça açyk düşündiriş alyp bilmeýär we, özleri bilen gürleşip bilmänsoň, parahorlukda aýyplanýan resmileriň atlaryny aýtmaýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň saglyk pudagy 1990-njy ýyllarda müňlerçe saglyk işgäriniň ştat kemeltmä düşürilmegi’, soňra Gurbanguly Berdimuhamedowyň saglyk minitri, prezident bolan ýyllaryndaky ýapyklyk’ astynda, ilatyň saglyk ýagdaýy, ýurtdaky keselçilik bilen bagly maglumatlaryň ýaşyrylmagy bilen pese gaçdy we başaran adamlaryň daşary ýurtlarda bejergi almagyna sebäp boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen häkimiýetleri ýaş dindarlary soraga çekýärler
Aşgabadyň keselhanalaryna dem alyş ýollarynyň hassalygy bilen ýüz tutýan näsag köpelýär
Bilimdäki para ýaşlaryň ýoluny ýapýar, prezidentiň ogly Angliýada 'okady'
Internet tizligi ýene-de peseldi, ilatyň 'nägileligi ýokarlanýar'
Aşgabadyň sement kyssasy 'özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna' öwrülýär
Türkmenabatda ulanmaga berlen täze jaýlar ýerli ýaşaýjylarda birnäçe sorag döretdi