Türkmenabatly küştçi gyz Mähri Agamyradowa Moskwada M.M.Botwinnigiň hatyrasyna bagyşlanyp, 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp bolup, özüniň we türkmen sportunyň medal gazanasyna ýene bir goşant goşdy. Ol Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen halkara ýaryşda altyn medal ugrundaky duşuşygyny russiýaly Anna Şuhman bilen geçirdi.
13 ýaşly türkmenistanly gyzyň finaldaky garşydaşynyň örän güýçlüdigini bellemek gerek. Muny iki türgeniň FIDE-niň reýtingindäki utuklary hem görkezýär. Eger Mähri henize çenli gatnaşan ýaryşlarynda 1583 utuk toplap bilen bolsa, eýýäm FIDE-niň ussady derejesine ýeten Anna Şuhmanda 2238 utuk bar.
Şeýle-de bolsa, Mähri final duşuşygyna çenli esasy bäsdeşi bilen deňeçer geldi.Biziň ildeşimiz mümkin bolan 7 utukdan, russiýaly türgen bolsa 6 utukdan 5,5 utuk toplap bildiler.
Diýmek, final duşuşygynda ýeňiş gazanyp bilse, türkmen gyzy altyn medala mynasyp bolardy. Üstesine-de, Mähri mundan iki aý öňö Gruziýanyň Batumi şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda küştüň blis görnüşi boýunça hut häzirki garşydaşyndan üstün çykmagy başarypdy. Ýöne bu gezekki ýeňiş 14 ýaşly russiýaly küştçi gyzyňky boldy. Şeýlelikde, Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebiniň türgeni mümkin bolan 8 utukdan 5,5 utuk toplap, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Şu ýyl Mähri üçin düşümli ýyllaryň biri bolandygyny nygtamak gerek. Fewral aýynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň çempiony bolan Mähri iýul aýynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen Aziýanyň çempionatyndan iki kümüş medal bilen dolanyp geldi. Geljegine uly ynam bildirilýän küşti gyz Oguljan Reýimowadan tälim alýar.