Türkmenabatda ýerleşýän pamyk egriji fabrik dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylan, ösen tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanadyr. Bu fabrikde bäsleşige ukyply döwrebap önümçilik düzüminiň emele gelmegi netijesinde bu ýerde nah-ýüplügiň ýokary hilli görnüşleri öndürilýär.
Häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän dokma senagaty düzümleriniň hatarynda Türkmenabadyň pamyk egriji fabrigi abraýly orny eýeleýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda durky täzelenilip, 2014-nji ýylyň fewralynda işe girizilen kärhananyň işleri öňe ilerleýär.
Pamyk egriji fabrikde köp isleg bildirilýän nah ýüplükleriň awtomatlaşdyrylan usulda öndürilýär.Sehleriň arassalygy, işleri bilen gümra ykjam we göze gelüwli işçi geýimlerindäki hünärmenleriň sazlaşykly hereketleri kärhana bilen baglanyşykly döreýän täsirleri baýlaşdyrýar.
Giň we ýagty, dokmaçylyk boýunça dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna esaslanýan tehnologiýalar ornaşdyrylan bölümleriň ýerleşýän binalary dokma senagatynda bolup geçen oňyn özgerişlikleri beýan edýär.Innowasiýalar esasynda işleýän kärhana geçen ýyllaryň dowamynda uly iş tejribesini toplady.
Içerki bazardan daşarky bazara çenli işçileriň yhlasly zähmetlerine we barha kämilleşýän iş tejribesine beslenen ýoly geçdi.
Kärhananyň esasy binasynda ýokary hilli nah ýüplükleriň önümçiligi ýerleşýär. Awtomatlaşdyrylan enjamlarda dürli ölçeglerdäki ýüplükler birenaýy tertipde emele gelýär, haýran galdyryjy yzygiderlilikde taýýar önüm derejesine ýetirilýär. Her hatarda bu işe ýöriteleşdirilen enjamlar kompýuter arkaly dolandyrylýar. Öz işinden ruhy lezzet alýan adamlaryň gündelik iş paýlaryny artygy bilen berjaý edişleri-de özboluşly bir kanunalaýyklyk bolup görünýär.
Türkmenistanyň gowaça ekilýän meýdanlarynyň köpeldilmegi kärhanada çig malyň ýeterli bolmagyny hem üpjün edýär. Bu bolsa kärhananyň ýylyň dowamyndaky netijeli işiniň üznüksiz alnyp barylmagyna ýardam edýär.
Kärhana boýunça geçen ýylda meýilleşdirilen 27 million 609 müň 630 manatlygyň ýerine 31 million 740 müň 394 manatlyk önüm öndürildi. Bu ýyl hem netijeler geçen ýyldakydan kem däl. Eksporta iberilýän önümleriň möçberi hem köpelmese, azalmaýar. Sebäbi eksportdan gelýän girdeji önümçiligiň durkunyň täzelenilmeginiň ýerine düşendigini has ynandyryjylykly görkezýär.
Fabrikde şu ýylyň dowamynda 28 million manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdirildi. Ýylyň başyndan bäri fabrik boýunça 33 million 347 müň 800 manatlyk önümiň öndürilmegi bu ýerde işleriň sazlaşykly alnyp barylýandygyna, işçileriň yhlasly zähmet çekýändiklerine şaýatlyk edýär.
Häzirki wagtda fabrikde öndürilýän önümler Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Azerbaýjan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere eksport edilýär. Şu ýylyň dowamynda hem nah ýüplükleriň 1846 tonnasyny şol ýurtlara eksporta iberildi.