Türkmenabatdaky çagalar bagynyň müdiri ene-atalary we işgärlerini çürkeýär

24-nji awgustda Lebap welaýatynyň bilim uprawleniýesi Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bagynyň müdiri Şarapat Joraýewa Türkmenistanyň prezdentiniň adyndan hormat hatyny we gymmatbaha sowgat gowşurdy.

Çagalary bu çagalar bagyna gatnaýan ene-atalar müddiriň näme sebäpden sylaglanandygyna düşünip bilmeýärler.Ene-atalaryň we mekdebe çenli çagalar edarasynyň käbir işgärleriniň sözlerine görä, Joraýewa olary köp ýyl bäri bikanun çürkednirip gelýär.

Olardan çagalar bagynyň binasyny bejermek, täze santehnika satyn almak, utrennikleri we beýleki baýramçylyklary geçirmek üçin, bu çäreler üçin welaýat býujetinden pul goýberilýändigine garamazdan, yzygiderli pul ýygnalýar. Şeýle-de, bu edaranyň iäşgerleriniň aýlyklarynyň bir bölegi bikanun tutulyp alynýar.

“Türkmenistanyň Hronikasy” Şarapat Joraýewanyň çagalar bagynyň ýolbaçysy wezipesindäki işi barada 2013-nji ýylda hem ýazdy. Şondan bäri hiç zat üýtgemedi. Çagalar bagynyň ozalky şepagat uýasy Nelýa Şahmardanowa Joraýewa bilen gidişip, ruhy hasshanada aradan çykdy.

Mekdebe çenli çagalar edarasynyň işgärleriniň berýän maglumatlaryna görä, hut Joraýewa öz tanyşlaryna daýanyp, Şahmardanowany keselhana saldyrdy.

Çagalar bagynyň işgärleri 2012-nji ýylda müdiriň kanunlary bozýandygy baradaky subutnamalar bilen şäher prokuraturasyna we welaýat suduna ýüz tutdylar. Temmi hökmünde, wagtlaýyn iki aý onuň wezipesini kiçeltdiler.

Joraýewa şu ýylyň maýynda hojalyk müdiri Z.Kerimowa bilen azyk ogurlamakda tutuldy. Emma olary bir gije-gündizden soň azat etdiler. Çagalar bagynyň işgärleriniň maglumatyna görä, Joraýewanyň ýerli prokuturada arkasy bar.

Ähli kanun bozmalaryna garamazdan, Joraýawa diňe çagalar bagynyň müdiri bolup galmaýar, eýsem üstesine Türkmenistanyň prezidentiniň sylagyny hem alýar.

Belleýäris, bu ýurduň diňe bir çagalar bagyndaky kanun bozmalar däl, bu hili problemalar mekdebe çenli çagalar edaralarynyň köpüsinde, ýurduň beýleki bilim edaralarynda hem duşýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat: pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlary heniz-de dikeldilmedi
22.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
15.01.2018 | 2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar
Paýtagtymyzdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine täze awtobuslar gelip gowuşdy
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLARYŇ SYÝASY-DIPLOMATIK TAÝDAN KADALAŞDYRYLMAGYNYŇ DERWAÝYSLYGYNA BERK YNANÝANDYRLAR