Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýinde baýram mynasybetli medeni çäre geçirildi

Türkmenabatdaky Beýik Watançylyk urşy muzeýinde baýram mynasybetli medeni çäre geçirildi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenabat şäheriniň Beýik Watançylyk urşy muzeýinde Adyl kanunymyz, ýaşyl Tugumyz atly medeni çäre geçirildi. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Oňa Türkmenabat goşungalasynyň harby gullukçylary, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik işgärleri hem-de Türkmenabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar

Ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemek, merdana pederlerimiziň şöhratly ýoly bilen tanyşdyrmak, döwletlilik ýörelgelerine wepalylyk häsiýetlerini terbiýelemek, Çäre bu ýere ýygnanalarda aýratyn uly täsirler galdyrdy.

Teatr artistleriniň döwletiň Konstitusiýasy, Döwlet baýdagy baradaky teatrlaşdyrylan sahnalary çärä gatnaşýan Watan goragçylarynyň hem-de ýaş nesilleriň ruhy dünýäsini has-da galkyndyrdy.

Ýene degişli makalalar

Google Ýaponiýada monopoliýa garşy kazyýet işi gozgaldy
Adylbek Kasymaliýew Gyrgyzystanyň täze Premýer-ministri boldy
Gyrgyzystanyň Hökümet başlygy Žaparow iş başyndan gitdi
Gyrgyzystanyň täze Hökümet başlygy Adylbek Kasymaliýew boldy
Yssydan nädip goranmaly?
Bişkekde Türkmenistandan baran ýükler garşylanyldy