Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalary köpelýär

Türkmenabatda ýetginjekleriň arasynda ýakalaşyk we talaňçylyk hadysalary köpelýär

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda orta mekdepleriň ýokary synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda toparlaýyn ýakalaşyklaryň we talaňçylyklaryň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.

Bu ýagdaýlar barada maglumat berýän lebaply ene-atalaryň, okuwçylaryň ençemesi we şäheriň polisiýa bölümindäki çeşmämiz bu hadysalarda ýetginjekleriň pyçaklanmagy ýaly wakalaryň hem bolýandygyny aýdýarlar.

“Toparlaýyn çaknyşyklar köplenç iki mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bolup, bu ýagdaý soňky iki aýyň dowamynda has-da ýitileşýär. Şäheriň Komsomolsk, Demirýolçylar, 3-nji kwartal, 3 punkt we 1-nji etrapçalarynda okuwçylaryň arasynda uruşlar her hepde diýen ýaly ýüze çykýar” diýip, 3 punkt etrapçasynda ýaşaýan mekdep okuwçylarynyň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Ol çaknyşyklaryň dürli sebäpleriniň bardygyny, esasan her bir mekdebiň ýetginjekleriniň özleriniň beýlekilerden "güýçlüdigini" görkezmäge ýa-da ykrar etdirmäge çalyşýandygyny aýdýar.

"Olar etrapçalardaky territoriýalary hem özleriçe paýlaşyp, hamala, bularda özleriniň agalyk edýändiklerini öňe sürmäge çalyşýarlar. Bu ýerde paç almak meselesi hem bar. Ýakalaşyklara gatnaşýanlaryň köpüsi spirtli içgilere dürli psihotropik dermanlary garyşdyryp içýär” diýip, okuwçy belledi.

Bu maglumatlary şäheriň polisiýa bölümindäki ygtybarly çeşmämiz hem tassyklap, has ýiti ýagdaýlara getirýän toparlaýyn çaknyşyklaryň esasan 3-nji kwartlada ýerleşýän 20-nji we 27-nji mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda ýüze çykýandygyny aýdýar.

“Şeýle-de, Komsomolsk etrapçasynda ýerleşýän 16-njy we 17-nji mekdepleriň okuwçylary bilen 28-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň okuwçylarynyň arasynda hem çaknyşyklar ýygy-ýygydan gaýtalanýar. 1-nji etrapçada ýerleşýän 31-nji mekdebiň we 2-nji etrapçada ýerleşýän 21-nji mekdebiň okuwçylarynyň, 3 punkt etrapçasynda ýerleşýän ähli mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda hem çaknyşyklar yzygiderli ýüze çykýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belledi.

Ol bu çaknyşyklarda ýetginjekleriň pyçaklary we taýaklary ulanmagy we birek-biregine agyr şikes ýetirmegi bilen bagly ýagdaýlaryň hem bolýandygyny aýtdy.

“Bu babatda 3-nji kwartal, 3 punkt we Komsomolsk şäheriň kriminal etrapçalary hasaplanýar. 3 punkt etrapçasy Aşgabadyň Hitrowkasyndan hem has beter. Soňky döwür kärdeşlerimiz gijelerine bu etrapçalara girmäne gorkýarlar. Ýaş ýigitleriň arasynda artýan ýakalaşyklar 1990-njy ýyllaryň krizisini ýatladýar” diýip, polisiýadaky çeşmämiz belleýär.

Mundan başga-da, ýetginjekleriň gorkuzmak ýa-da fiziki şikes ýetirmek arkaly, beýleki mekdepleriň okuwçylarynyň puluny we beýleki goşlaryny zorluk bilen almagy bilen bagly ýagdaýlar hem yzygiderli ýüze çykýar.

“Klasyň remontyna kömek etmek üçin mekdebe geldim. Öýe gaýdýan pursadymda 16-njy mekdebiň okuwçylarynyň ýedi sanysy, köpçülik bolup öňümden çykyp, ýüzüme şarpyk çalyp, gorkuzyp pulumy aldylar” diýip, Komsomolsk etrapçasyndaky 28-nji mekdebiň 10-njy synp okuwçysy geçen hepdäniň dowamynda başdan geçiren ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.

Polisiýadaky çeşmämiz ýakalaşyklara we talaňçylyklara gatnaşýan oglanlaryň köpüsiniň ene-atasynyň gazanç etmek üçin daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidendigini ýa türmede oturandygyny ýa-da ýeke ene-ataly maşgalalardandygy hem belleýär.

Ene-atalaryň ençemesi ýaşlaryň arasynda ýakalaşyklaryň we talaňçylyklaryň häzirki gerimini garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndaky “agyr ýagdaýlara” meňzedýär we muňa alada bildirýär.

“Perzendimi daşa çykarmana gorkýaryn. Düýn goňşymyň gyzynyň boýnundaky sepini gündiziň güni ogurladylar. Indiki pidanyň çagamyň biri bolmagyndan gorkýaryn. Çagam käbir köçeleriň howpludygyny, olardan asla geçmeýändigini aýdýar. Hökümetiň “asuda asmanly, parahat ýurdumyz bar” diýlen äheňdäki propagandasy indi işlänok, işsizlik we ykdysady krizis jenaýatçylygyň artmagyna getirýär” diýip, Demirýolçylar etrapçasynyň ýaşaýjysy anonim şertde 19-njy iýunda gürrüň berdi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada şäheriň bilim we polisiýa bölümlerinden, şeýle-de gürrüňi edilýän mekdeplerden resmi teswir alyp bilmedi.

Türkmenabatdaky bu ýagdaýlar barada 18-nji iýunda garaşsyz neşir “Turkmen.news” hem habar berdi. Neşiriň maglumatynda iýunyň başynda Türkmenabatda 14-17 ýaş aralygyndaky dört mekdep okuwçysynyň talaňçylykda aýyplanyp, tussag edilendigi bellenilýär.

Mundan öň, 2023-nji ýylyň dekabrynda habarçylarymyz paýtagtda we ýurduň beýleki şäherlerinde ýetginjekleriň arasynda toparlaýyn uruşlaryň hem ýakalaşyklaryň artýandygyny synlasa bolýandygyny habar beripdiler. Şonda Mary welaýatynda kämillik ýaşyna ýetmedikler bilen işleýän polisiýa işgäri jenaýat edýän we jenaýatyň pidasy bolýan ýetginjekleriň köpelýändigini hem aýdypdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bu wakalar barada pikirini beýan etmeýärler. Şol bir wagtda, olar ene-atalardan howpsuzlygy üpjün etmek we çagalaryna gözegçiligi güýçlendirmek talabyny artdyrýarlar.

Bu ýagdaýlar barada ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki media serişdelerinde hem mesele gozgalmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri
Türkmenistan syýahatçylyk ministrleriniň Yslam konferensiýasynyň XII mejlisine gatnaşdy
Türk Taekwondoçylary 3 Medal Aldy
Afrikanyň azyk howpsuzlygyna 30 milliard dollar goýberiler
Saud Arabystanynda katarly sürüji ýeňiş gazandy