
Lebap welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde 3-nji martda ýene-de ýangyç gytçylygy emele gelip başlady diýip, şäher ýaşaýjylary aýdýar.
Bu gezekki gytçylykda A95 görnüşli awtoulag ýangyjy ýetmezçilik edýär.
Ýangyç serişdelerine baý Türkmenistanyň dürli sebitlerinde soňky ýyllarda gytçylyk ýygy-ýygydan gaýtalanyp başlady. Resmiler bu problemalar dogrusynda düşündiriş bermeýärler.
“A95 benzin ýok, şonuň üçin, gutarmanka, A92 benzinini alyp goýmakçy bolýarys” diýip, Türkmenabat şäheriniň Bahar etrapçasynda ýerleşýän bir ýangyç bekediniň öňünde benzin nobatyna garaşýan sürüji Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.
Şol bir wagtda, welaýat merkeziniň eteginde ýerleşýän Uluwahym obasynyň golaýyndaky ýangyç beketlerinde ýük ulaglarynyň nobatlary emele gelýär. Bu ýagdaý sebitde dizel ýangyjyna bolan talabyň güýçlenmeginden habar berýär.
Bu sebit halkara ýük ulaglarynyň hem geçýän esasy geçelgeleriniň biri bolup durýar. Özbegistan bilen arada gatnaýan ýük ulaglary Farap gümrük geçelgesiniň üstünden geçýär.Galyberse-de, Owganystan tarapa gatnaýan ýük ulaglary hem gündogar welaýatyň çäginden geçýär.
Halkara ugurlar boýunça gatnaýan ýük ulaglary köplenç öz baklaryny Türkmenistanyň üstünden geçenlerinde doldurmagy amatly hasaplaýar, sebäbi bu ýurda ýangyç serişdeleri içerki sarp edijilere arzan bahalardan satylýar.
Azatlyk Radiosyna gelip gowşan wideolaryň birinde Lebap welaýatynyň ýangyç beketleriniň birinde emele gelen ýük ulag nobatyny görmek bolýar. Ýangyç nobatyna garaşýan ulaglaryň arasynda türk kompaniýalarynyň haryt nyşanlary bolan ulaglar hem bar.
Gytçylygyň sebäpleri aýdylmaýan mahaly, bikanun ýollar bilen goňşy ýurtlara geçirilýän awtoulag ýangyjy baradaky habarlar sürüjileriň arasynda maslahat edilýär.
Ýatlasak, Özbegistanyň media serişdeleri iki hepde çemesi mundan ozal ýurduň “Olot” barlag geçelgesinde Türkmenistandan bikanun ýollar bilen geçirilmäge synanyşylan 115 tonna möçberinde dizel ýangyjynyň saklanandygyny habar berdi. Bu önümler gümrükden başga bir haryt hökmünde geçirilmäge synanyşylypdyr.
Ele salnan ýangyjyň umumy bahasynyň 100 müň dollar töwereklerinde bolandygy aýdylýar.
“Laboratoriýa barlaglary resminamalarda ýangyjyň düzümi barada galp maglumatlaryň berlendigini tassyklady. Netijede, bikanun ýükler saklandy we düzgün bozujylar barada degişli resminamalar taýýarlandy” diýip, şonda daryo.uz habar berdi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary mundan ozal ýanwar aýynyň ahyrlarynda Balkan welaýatynda ýangyç ýetmezçiliginiň ýüze çykandygyny, daşary ýurt ýük ulaglaryna satylýan dizel ýangyjynyň möçberleriniň bolsa, çäklendirilendigini habar berdiler.
Şonda günbatar welaýatda emele gelen üpjünçilik meseleleriniň Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan abatlaýyş işleri bilen ilteşdirilýändigi habar berlipdi.
Ýurtdaky nebiti gaýtadan işleýan zawodlar toplumlary günbatar we gündogar welaýatlarda ýerleşýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hem-de Lebap welaýatynyň Seýdi şäherinde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar ýerleşýär.
Bu toplumlarda öndürilýän önümler “Türkmennebitönümleri” kärhanasynyň ýangyç beketlerine paýlanýar.
Türkmenistan dünýäde awtoulag ýangyjynyň bahasynyň arzançylygy boýunça öňdäki ýurtlaryň hatarynda gelýär.
Bu ýurtda EKO93 kysymly awtomobil ýangyjynyň bir litri 2 manatdan, A95 ýangyjynyň litri 1 manat 50 teňňeden, A92 benzini 1 manat 35 teňňeden, A80 benzini 1 manat 15 teňňeden, şeýle-de dizel ýangyjy 1 manatdan satylýar.
2008-2014-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanda her aýda her bir awtoulaga 120 litr möçberinde awtoulag ýangyjy mugt berilýärdi. Ýöne bu düzgün 2014-nji ýylyň iýul aýynda ýatyryldy. Şondan bäş ýyl soňra, 2019-njy ýylda Türkmenistanda ilatyň elektrik energiýasy hem-de tebigy gaz bilen mugt üpjün edilmegi hem bes edildi.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurtda soňky ýyllarda ýangyç gytçylygynyň ýygy-ýygydan gaýtalanmagynyň ýük ulaglarynyň gatnawlaryna, transport we logistika hyzmatlaryna hem-de beýleki käbir pudaklara ýaramaz täsir ýetirýändigini habar beripdiler.
Azatlyk Radiosy gündogar sebitlerde emele gelen ýangyç gytçylygy boýunça “Türkmennebitönümleri” kärhanasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.
Habarçymyz häzirki wagtda Türkmenabat şäherine mahsus bolan ýagdaýyň beýleki etraplara degişlidigini ýa-da däldigini anyklamaga çalyşýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.