Türkmenabatda Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi

Türkmenabatda Ýangyn söndüriji toparlaryň döwlet derejesindäki bäsleşigi geçirildi

Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleriniň arasynda ýangyn-amaly sportunyň derejesini ösdürmek hem-de şahsy düzümiň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen bäsleşik geçirildi

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynyň ýazmagyna görä, bäsleşige Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň polisiýa müdirlikleriniň Ýangyn howpsuzlygy bölümleriniň işgärlerinden düzülen, her biri 5 adamdan ybarat bolan toparlar gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemi boýunça Mary welaýatyndan gelen ýangyn söndürijiler topary 1-nji orna hem-de ýaryşyň göçme kubogyna mynasyp bolmaklygy başardy.

Lebap welaýatynyň hem-de Balkan welaýatynyň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň toparlary hem degişlilikde 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.

Bäsleşikde üstünlikli çykyş eden toparlaryň ählisine dabaraly ýagdaýda ýörite diplomlar, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan taýýarlanan sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda Lebap welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde konsert guraldy diýip, çeşmede bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda ýol düzgünleriniň bozulandygynyň jerimelerini tölemek üçin Galkan töleg goşundysy iOS goşundysynda elýeterli boldy
Jemgyýetiň asudalygy raýatlaryň bagtyýarlygy
Keniýadaky internat mekdepleriň birinde ýangyn boldy
ABŞ-da Tokaý Ýangynlary Sebäpli 1 Adam Ýogaldy
Lawrow Russiýanyň Aksiýalarynyň Ýadro Betbagtçylygyna Sebäp Bolup Biljekdigini Aýtdy.
Gresiýa Tokaý Ýangynlaryna Garşy Göreşýär