Türkmenabatda 'saklanan' awtobuslaryň ýolagçylara 'gowuşmagyna' garaşylýar

Türkmenabatda 'saklanan' awtobuslaryň ýolagçylara 'gowuşmagyna' garaşylýar

Türkmenabadyň 15-nji awtoparkynda saklanylýan täze awtobuslar 8-nji martda bellenilýän Bahar baýramynda hem ulanmaga berilmedi, ýöne olaryň basym ýolagçylara hyzmat edip başlamagy gaty mümkin diýip, ýerli habarçymyz habar berýär.

Azatlyk ýanwar aýynda Lebapawtoulag önümçilik birleşiginiň awtoparkynda saklanylýan 100-den gowrak awtobusyň birnäçe aý bäri ulanylman, açyk asmanyň astynda boş durandygyny, şäher köçelerinde ulagsyz kösenýän adamlaryň olara her gün diýen ýaly garaşýandygyny habar beripdi.

Emma häkimiýetler bu habara hiç bir reaksiýa bildirmedi.

24 ýolagça niýetlenen “Tayoto” awtobuslarynyň sany, Azatlyk bilen gürleşen hünärmeniň tassyklamagyna görä, 120 sany bolup, olaryň 'tussaglykda' saklanylmagyna uly Berdimuhamedowyň özboluşly 'iş usulynyň' ýa-da daşar ýurtdan satyn alnan ulaglaryň reňkleriniň sebäp bolan bolmagy mümkin.

Lebapawtoulag önümçilik birleşiginiň awtopakynda işleýän hünärmen şonda bu hili awtobuslaryň merkezden beýleki sebitlere hem iberilendigini, emma olaryň hiç ýerde ulanyşa girizilmeýändigini aýdypdy.

Aýdylmagyna görä, noýabr aýynyň başynda getirilen awtobuslar ilki 12-nji dekabrda, soň 1-nji ýanwarda ýa-da 8-nji martda köçelere çykar öýdüldi. Emma olar, näme üçindir, ýola çykarylmady. Ýöne habarçy bu awtobuslaryň häzir öňki duran ýerlerinden çykarylyp, täze awtomenzile getirilendigini, basym Türkmenabat we etrap merkezleri aralarynda gatnap başlamaklarynyň mümkindigini habar berýär.

“Şu wagta çenli boş saklanan awtobuslaryň 13-nji martda Türkmenabat bilen etraplar arasynda gatnap başlamagyna uly taýarlyk görülýär. 150 çemesi awtobusa döwlet belgileri dakyldy. Olar arassalanyp, ady belli 15-nji awtopakdan çykarylyp, 6-njy martda täze awtomenzile getirildi” diýip, habarçy bilen anonimlik şerinde gürleşen hünärmen aýtdy.

Ozal bu awtobuslaryň sanynyň 120 çemesi bolandygy aýdylypdy.

Azatlygyň söhbetdeşi gürrüňi edilýän awtobuslaryň basym sebit merkezinden etraplara ugradylmagyna garaşylýandygyny, ýöne bu barada resmi maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Azatlygyň ýerli habarçysy geçen ýylyň fewralynda Lebaba esasan Aşgabatda ençeme ýyllap ulanylan, könelip sandan çykan ulaglaryň iberilýändigini habar beripdi.

Şonda, Türkmenabadyň 15-nji awtoparkynda işleýän sürüjileriň biri Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşip, gündelik tabşyrmaly pul planynyň üstüne, 'dowamly bozulýan' ulaglaryň ätiýaç şaýlaryny hem öz hasaplaryna satyn almaly bolýandyklaryny gürrüň beripdi.

Ýerli hünärmenleriň, şol sanda demirýol edarasynyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, Türkmenistandaky agyr işsizlik, ykdysady kynçylyklar güzeran aýlamaga çalyşýan adamlaryň barha kän ýola çykmagyna, oba, etrap, şäher aralarynda gatnaýan ulaglaryň ýüküniň ýyl-ýyldan agralmagyna sebäp bolýar.

“Ýollar ýaramaz, maşynlar köne, ätiýaç şaýlary ýetenok” diýip, hünärmenler döwletiň bu meselelere mümkin boldugyça tiz çözgüt gözlemelidigini belleýärler.

Türkmen häkimiýetleri garaşsyz metbugatda çykýan çykýan habarlara, ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryny aradan aýyrmak barada orta atylýan pikirlere hiç hili açyk reaksiýa bildirmeýärler.

Adamlar bu awtobuslaryň gatnawa başlajak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, Farap, Seýdi, Kerki, Halaç, Saýat we Hojambaz etraplaryndaky awtobus duralgalarynda her baýramçylyk gelende, Türkmenabatda boş duran awtobuslary ýatlaýan adam köpelýär diýip, habarçy aýtdy.

Onuň sözlerine görä, adamlar “biz Türkmenabada taksili gatnap, has köp pul harçlamaly bolýarys” diýip zeýrenýärler; ýöne olar diňe pul, harajat çykdajysyndan däl, taksi eýeleriniň medeniýetinden hem şikaýat edýärler.

“Hususy taksileriň sürüjileriniň arasynda ýol dowamynda nas atyp, çilim çekýän sürüji köp. Sürüjileriň tas hemmesinde diýen ýaly şu hili ýaramaz endik bar. Ýol boýy hapa, paýyş gep aýdyp, ýolagçylaryň rahatlygyny bozýan sürüjiler hem az däl” diýip, halaçly bir ýolagçy öz nägileligini Azatlygyň habarçysy bilen paýlaşdy.

Türkmenistanda ol ýa-da beýleki desganyň, daşary ýurtlardan satyn alnan uçarlaryň we awtobus, taksi ulaglarynyň ulanmaga berilmegi, ýurtda gazanylýan uly ösüşiň subutnamasy hökmünde, uly dabara, aýdym-saz çäreleri bilen utgaşdyrylýar.

Azatlygyň habarçysy ençeme aýlap boş duran awtobuslaryň ulanylmagyna kimiň, haýsy derejede ak pata’ berjekdigini anyklap bilmedi.

Türkmenistanda, azat bazar ykdysadyýetine geçilýändigine garamazdan, ýolagçy gatnawlary doly diýen ýaly döwlet eýeçiliginde saklanylýar. Synçylar bu ýagdaýyň bir tarapdan ýurtdaky gatnaw, ýol hyzmatlarynyň hiliniň gowulanmagyny gijikdirse, ikinji tarapdan, täze dörejek müňlerçe iş ornunyň öňüni alýandygyny aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Täze buýruga garamazdan, Lebapda mekdep okuwçylary pagta ýygymyna çekilýär
Lebapda benzin her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy
Nebit önümleriniň eksporty ýokarlanýan mahaly, ýurt içinde benzin gytçylygy saklanýar
Lebap welaýatynyň dört etrabynda iri şahly mallar gyrylýar
'Emelsiz dolandyryş' ýolagçylaryň ýol azabyny artdyrýar, ykdysady ösüşiň öňüni alýar