Türkmenabatda raýatlaryň gijeki hereketine gözegçilik güýçlendi

Türkmenabatda raýatlaryň gijeki hereketine gözegçilik güýçlendi

Lebap welaýatynyň merkezi şäheri Türkmenabatda häkimiýetler raýatlaryň gijeki hereketine gözegçiligi güýçlendirdiler.Polisiýa işgärleri gije sagat 9-dan soň köçede gezelenç edýän ýaş oglanlary polisiýa bölümine alyp gidýärler. Şeýle-de, olar telekeçilerden hususy dükanlary agşam sagat 10-dan öň ýapmagy talap edýärler.

Azatlyk Radiosynyň bu barada maglumat berýän habarçysy bu ýagdaýlaryň Türkmenistanyň orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagly maý aýynyň 25-nde geçirilýän "Soňky jaň" dabaralary bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.

"Dynç günlerinde, ýagny şenbe we ýekşenbe günleri polisiýa işgärleri agşam sagat 9-dan soň şäheriň şaýollarynda, seýilgählerinde gezelenç edip ýören ýaş gyzlary we oglanlary sakladylar. Olar ýaşlardan näme edip ýörendiklerini sorap, zerur bolmasa, sagat 9-dan soňra köçä çykmaly däldiklerini duýdurýarlar" diýip, sebitdäki habarçymyz aýtdy.

Polisiýa işgärleri saklanan gyzlara öýlerine gitmegi tabşyryp, olary goýberýärler. Şol bir wagtda, olar oglanlardan pasportlaryny görkezmegi talap edýärler. Pasportlary ýanynda bolmadyk ýigitler Polisiýa müdirligine alnyp gidilýär.

"Bu ýere eltilen oglanlardan öýündäkilere jaň edip, hossarlaryndan pasportlaryny polisiýa bölümine getirmegi soramak talap edilýär. Şeýle-de, polisiýa işgärleri bu oglanlaryň 'Gallereýa' bölümindäki suratlary hem görýärler. Pasportlary getirilen oglanlar bellige alnyp, öýlerine goýberilýär" diýip, habarçy belledi.

Polisiýa müdirligine alnyp gidilen türkmenabatlylaryň birnäçesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, bu ýere eltilen oglanlaryň sany onlarçady.

"Ýaşuly adamlara azar berilmeýär. Olara 'gije daşarda aýlanma' diýip, 'bar ýaşuly öýüňe git' diýýärler" diýip, habarçy sözüne goşdy.

Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri telekeçilerden hususy dükanlary agşam sagat 10-dan öň ýapmagy hem talap edýärler. Olar sagat 10-a 10-15 minut galanda dükanlara aýlanyp, telekeçilere olary ýapmagy tabşyrýarlar.

Şäher häkimiýetleri bu talap we onuň sebäpleri barada aç-açan, resmi düşündiriş bermeýärler. Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Türkmenabadyň Polisiýa müdirliginden kommentariýa almak synanyşyklary hem başa barmady.

Ýöne habarçymyz raýatlaryň gijeki hereketine gözegçiligiň güýçlendirilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň wagtal-wagtal uly syýasy çäreleriň, baýramçylyklaryň, şeýle-de Türkmenistanyň orta mekdeplerinde geçirilýän "Soňky jaň" dabaralarynyň öňüsyrasynda ýüze çykýandygyny aýdýar.

"Bu çäreler her ýyl 15-30-njy maý aralygynda güýçlenýär. Okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagly 'Soňky jaň' dabarasynyň geçirilýän gününde, ýagny 25-nji maýda polisiýanyň köçelere gözegçiligi has-da güýçlenýär. Şol güni köçelerde tertip-düzgüni üpjün etmek üçin ähli dükanlar we seýilgähler agşam sagat 8-den soň ýapylýar" diýip, habarçy aýtdy.

Galyberse-de, Türkmenabatda raýatlaryň gijeki hereketine gözegçiligiň güýçlendirilmegi, prezident Serdar Berdimuhamedowyň degişli ýolbaşçylara "Soňky jaň" dabarlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigini tabşyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Döwlet baştutany bu barada 13-nji maýda geçiren hökümet maslahatynda aýtdy.

Prezidentiň her ýyl edýän bu tabşyryklaryna garamazdan, soňky ýyllarda Türkmenistanda bu dabaralar güýçlendirilen gözegçilikde, çäklendirilen çäreler bilen geçirilýär. Okuwçylaryň dabaralardan soň toplanyşyp, kafedir restoranlara gitmegi gadagan edilýär. Ähli mekdeplerde we köçelerde güýçlendirilen gözegçilik ýola goýulýar. Raýatlaryň agşam sagat 8-den soň hereketi çäklendirilýär.

Häkimiýetler “Soňky jaň” dabaralaryny çäkli görnüşde guramalaşdyrmak ugrundaky tagallalaryna resmi derejede düşündiriş bermeýärler. Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan mugallymlar munuň uçurymlaryň gatnaşmagyndaky mümkin bidüzgünçilikleriň öňüni almak, şeýle-de dürli üýşmeleňler üçin aşa pul çykdajylaryny etdirmezlik maksadyndan amal edilýändigini belleýärler.

Şol bir wagtda, geçen hepde lebaply ene-atalaryň ençemesi häkimiýetleriň çäklendirmelerine garamazdan, dabaralar üçin özleriniň ortaça 3-4 müň manat aralygynda çykdajy etmeli bolýandyklaryny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Turkmen.news": Ruslan Mätiýew, Aşgabadyň talaby bilen, Türkiýä goýberilmedi
Bodrum etrabyna iki kruiz gämisi geldi
Saud Arabystany: "Haj parzyny berjaý etmek üçin gelen adamlaryň sany 1,5 milliondan geçdi"
Protestlerden soň Daşoguzda migrasiýa gullugynyň goşmaça edaralary açyldy
Türkmenabatda biometrik pasport üçin nobata dekabrda’ ýazga durup bolýar
Türkmen polisiýasy sakgal goýberen ýaş raýatlaryň sakgalyny syrýar