Türkmenabatda migrasiýa gullugynyň üç işgäri tussag edildi

Türkmenabatda migrasiýa gullugynyň üç işgäri tussag edildi

Türkmenistanda ilatyň pasport almagy ugrundaky basa-baslyk we migrasiýa gulluklarynda parahorluk baradaky habarlaryň arasynda migrasiýa edaralaryndaky barlaglar we tutha-tutluklar bilen bagly ýagdaýlar mälim boldy.

Türkmenabadyň döwlet edaralaryndaky çeşmeleriň Azatlyga gürrüň bermegine görä, maý aýynyň ortalarynda Lebap welaýatynyň migrasiýa gullugynda 3 sany işgär azatlykdan mahrum edilipdir.

“Tussag edilenleriň kimdigini we olaryň haýsy wezipede işländigini aýdyp biljek däl, bu wakadan soň daşary ýurt pasportlaryny almakda ýeňillikler döräp başlady" diýip, çeşmeleriň biri anonim şertde gürrüň berdi.

Migrasiýa işgärleriniň tussaglygy we munuň sebäpleri barada migrasiýa resmilerinden maglumat alyp bolmady. Anonim gürleşen çeşmeler tutha-tutlugyň korrupsiýa bilen baglanyşygynyň bardygyny öňe sürdüler.

Lebap welaýatynda biometriki pasporty almagyň biraz aňsatlaşandygyny ýerli ýaşaýjylar hem tassyklaýarlar.

Türkmenabadyň golaýyndaky etraplaryň ýaşaýjysynyň 3-nji maýda gürrüň bermegine görä, biometrik pasportlary täzelemek we almak üçin ýöredilen we 2025-nji ýyla çenli uzan nobat ýatyrylypdyr.

“Meniň 18 ýaşly gyz agtygym, şu ýyl mekdebi tamamlady. Agtygym biometrik pasporty almak üçin 6 aý mundan ozal nobata durupdy. Işgärler tussag edildi diýip, il arasynda habar ýaýrandan soň, agtygym täzeden migrasiýa bölümine degişli resminamalary alyp bardy we 15 günüň içinde oňa täze pasport berildi. Men haýran galdym” diýip, Azatlyk bilen anonim gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Bu ýagdaý ýurtda biometriki pasportlary almaga islegleriň öň görlüp eşidilmedik derejede artan pursadyna gabat geldi. Raýatlaryň pasport taýýarlatmak üçin arza tabşyrmagynyň nobatlary tas iki ýyla uzady. Şol bir wagtda-da ýurtda para berip, pasporty gysga wagtda taýýarlatmak mümkinçiligi saklanýar.

Migrasiýa gulluklarynda derňewler we işgärleriň saklanmagy bilen bagly ýagdaýlar öňem bolupdy. Noýabrda Aşgabatdan iberilen ýörite derňew topary Balkan welaýatynyň migrasiýa edaralarynda barlag geçirip, onuň netijesinde bäş migrasiýa ofiseri parahorluk bilen baglylykda tussag edildi. Emma şonda biraz gowşan nobatlar birnäçe aýdan soň ýene uzady.

Ýurduň daşyna migrasiýa akymynyň güýçlenýän wagtynda Türkmenabat şäherinde turistik agentlikleriniň sany artýar.

“Daşary ýurda gitjekleriň sany artýandygyny sebäpli bu agentlikler açyldy, olar esasan Russiýa we Türkiýä işe hem-de okuwa gitmek üçin degişli resminamalary taýýarlamaga we wiza almaga ýardam edýärler" diýip, türkmenabatly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Daşary ýurtlara gazanç üçin gidýänleriň arasynda býujet işgärleriniň sany hem köpelýär. Hatda güýç edaralarynyň, şol sanda harbylaryň we polisiýa işgärleriniň arasynda işinden meýletin çykyp, daşary ýurtlara gazanç üçin gidýänler duş gelýär.

Welaýatyň güýç edalarynyň birinde işleýän çeşme işi sebäpli özüniň ýurtdan çykmak mümkinçiliginiň ýokdugyny belläp, özlerine pasport berilmeýändigini gürrüň berdi.

"Meniň zagran pasport almak derdim ýok, polisiýa işgärlerini aňsatlyk bilen daşary ýurda çykarmaýarlar” diýip, türkmenabatly polisiýa işgäri anonim şertde gürrüň berdi.

Ol polisiýa işgärleriniň ýurduň daşyna çykarylmazlygy üçin kanuny düzgünleriň bardygyny belledi: “Gadagançylyk Türkmenistanyň migrasiýa kanunynyň 30-njy maddasynyň 1-nji bölüminiň 10-njy bendine esaslanýar. 30-njy madda raýatyň Türkmenistandan gitmegini wagtlaýyn çäklendirmek üçin esaslary göz öňünde tutup, 1-nji bölüminiň 10-njy bendi Türkmenistanyň milli howpsuzlyk bähbitlerine ters gelýän ýagdaýda daşary ýurda gitmekligi wagtlaýyn çäklendirýär".

Türkmenistanda pasport edinmek bilen bagly kynçylyklar diňe bir nobatlar bilen çäklenmeýär. Pasport üçin arza tabşyrýanlardan edilýän talaplaryň sanawy hem artýar.

Mundan ozal, biometriki pasport alyp, soňky bäş ýylyň dowamynda daşary ýurtlara syýahat etmedik raýatlara täze biometriki pasportlaryň berilmeýändigi mälim bolupdy. Ondan öň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan raýatlara, şeýle-de “uç arka” resminamasyny berip bilmedik raýatlara, SSSR döwründe berlen dogluş hakyndaky şahadatnamaly raýatlara biometriki pasportynyň berilmezligi bilen bagly ýagdaýlar ýüze çykypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Gollandiýa pişikleriň şotlandiýaly we sfinks görnüşleriniň saklanmagyny gadagan eder
Gadagançylyk alkogol içgileriniň gymmatlamagyna getirdi
Türkmenistan: Gadagançylyga garamazdan, çagalar pagta ýygmaga mejbur edilýär
Aşgabatda goýy reňkdäki ulaglaryň hereketine-de çäklendirme girizildi
Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'
Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan gadagan etdi