Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy

Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy

9-njy oktýabrda Lebap welaýatynyň merkezi — Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurlan täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej görnüşli täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi.

Onuň açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, welaýat hem-de şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, gurluşykçylar gatnaşdylar. Ýaşaýyş toplumynyň umumy eýeleýän meýdany 23 gektara barabardyr.

Täze binalar şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Lebapgurluşyk” önümçilik birleşiginiň, Türkmenabat şäher häkimliginiň ýanyndaky “Şähergurluşyk we hyzmat” döwlet kärhanasynyň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Türkmenabat şäherindäki “Demirbetonönümleri” hem-de “Demirbetonkonstruksiýa” edaralary tarapyndan bina edildi.

544 maşgala niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň hersinde 32 sany 3 we 4 otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşdirildi. Kottej jaýlaryň hemmesi 5 otagly. Şeýlelikde, 3 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň eýeleýän meýdany 105 inedördül metre, 4 otaglylarynyňky bolsa 123 inedördül metre barabardyr.

241,5 inedördül metr meýdany bolan kottej jaýlarynda türkmen halkynyň asylly dessurlaryna laýyklykda, baýramçylyk we maşgala dabaralaryny guramak, myhman kabul etmek, sadaka bermek hem-de beýleki dabaralary geçirmek üçin ähli zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Jaýlaryň gurluşygy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dessuryna we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirildi.Kottejleriň gurluşygynda ýerli çig mal serişdelerinden taýýarlanylan ýokary hilli gurluşyk materiallary peýdalanyldy.

Gurluşykçylar we bezeg işlerini ýerine ýetirýänler täze binalaryň abadanlaşdyrylyşyna aýratyn ähmiýet berdiler. Ýagty otaglar, özboluşly bezeg aýratynlyklary, aşhanadaky mebeller bu ýere göçüp gelýänleriň göwnünden turýar. Jaýlarda goýlan mebeller ýerli hususy kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Maryda polisiýa işgärleri üçin gurlan kottej jaýlary ulanmaga berildi
Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar
Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir