Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi

Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi

Türkmenistanda Garaşsyzlyk güni 27-nji sentýabrda ýurduň ähli şäherlerinde müňlerçe adamyň gatnaşmagynda dabaralary ýörişler geçirildi. Häkimiýetleriň guramaçylygyndaky bu dabaralar geçirilýärkä, baýramçylyk günlerinde şäherlerde berk howpsuzlyk çäreleri berjaý edildi. Baýramçylygyň Lebapda geçirilişi barada ýerli habarçymyz we çeşmelerimiz maglumat berdi.

Döwlet derejesinde bellenen garaşsyzlyk baýramy, Türkmenabat şäherinde ozalky ýyllara garanda has uly dabaralar we berk howpsuzlyk çäreleri bilen tapawutlandy.

Köpçülikleýin dabaraly ýörişe S.Seýdi adyndaky TDMI-niň studentleri, orta hünär okuw mekdepleriniň studentleri, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary we býujet işgärleri gatnaşdyryldy.

Çärä gatnaşan çeşmeleriň sözlerine görä, geçirilen dabaraly ýöriş welaýat häkimliginiň köpçülik çärelerine jogapkär adamlary tarapyndan alynyp baryldy we ýerli habar beriş serişdeleri tarapyndan wideo düşürildi.

“Hatara düzülen adamlar, mikrofonda gygyrýan alyp baryjynyň buýruklary esasynda käte ýöremegini bes etdiler, käte baýdaklary we şarlary galgatmak bilen hereketini dowam etdiler. Ýörişiň yzyndan, gapdalyndan, öňünden we köçäniň gyralaryndan göteriji kran bilen ýokary galdyrylan kameraçylar bizi wideo düşürdiler" diýip, gatnaşyjylaryň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen studentler baýramçylyk çäreleri sebäpli gün uzyn aýak üstünde bolmaly bolandygyny gürrüň berdiler.

“Daňdan sagat 4:00 ÝOJ-yň umumy ýaşaýyş jaýynyň öňünde toplandyk. Elleri gülli we şarly gyzlar we baýdakly oglanlar Bitarap Türkmenistan köçesine ýörişe ugradyk. Ýöriş, welaýat baş metjidine çenli uzady” diýip, studentleriň biri anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Gündogar sebitiň administratiw merkezindäki çäreler güýç edaralaryň işgärleriniň ýokary derejeli gözegçiligi astynda geçdi.

Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, sebit merkezine paýtagtdan hökümet wekilleriniň gelmegi sebäpli, Bitarap Türkmenistan köçesine ýakyn bolan etrapçalarda welaýatyň MHM we polisiýa bölümleriniň işgärleri we eli ýaragly harbylar gözegçilige çekilipdir.

“Bitarap Türkmenistan köçesiniň etrapçalarynda we ýolyň ugrunda elleri awtomatly esgerler hem bardy. Biz olary görüp haýran galdyk we gorkduk. Esgerleriň ýanlarynda raýat eşiginde, ellerinde rasiýa we ak gulaklykly adamlar hem bardy. Eşidişimize görä, Aşgabatdan 30-a gowrak hökümet wekilleri gelipdir” diýip, ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.

Baýramçylyk çäreleri şäher ilatynyň durmuşyna erbet täsir ýetirdi.

Türkmenabat şäheriniň S.A Nyýazow adyndaky we Bitarap Türkmenistan köçeleri ýapylyp, degişli köçelerde awtoulag we pyýada hereketi wagtlaýyn bes edildi. Köçe hereketiniň ýapylmagy, tiz kömek gullugynyň ýardamyna mätäç bolan ýaşaýjylara kynçylyk döretdi.

“Göwreli aýalym üçin tiz kömek gullugyny çagyrdym. 'Ýollar ýapyk, açylýança baryp bilmeýäris' diýip, dispetçer jogap berdi. Goňşym dadyma ýetişdi, öz ulagynda etrap hassahanasyna bizi äkitdi” diýip, şäher ýaşaýjysy gürüň berýär.

Şäheriň esasy bazarlary bolan, “Gök” bazary, 2-nji Daýhan Bazary, 5-nji bazar we “Täze” bazarlarynyň işi wagtlaýynça togtadyldy.

Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrundaky ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşaýjylaryna degişli jaý üpjünçilik bölümleri tarapyndan birnäçe gün öňünden penjirelerine gara mata tutmak tabşyrylypdyr.

Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, bu çäreler, şol sanda köçeler ýapylyp, hatda pyýada ýöremegiň çäklendirilmegi adamlaryň durmuşyny kynlaşdyran bolsa, eli ýaragly esgerleriň köçelerde durmagy ilat arasynda howatyrlanma duýgusyny döredipdir.

Habarçymyzyň maglumatyna görä, baýramçylyk mynasybetli geçirilen mejbury ýöriş tamamlanansoň ýollar açylypdyr. Emma güýç edaralarynyň köçelerdäki howpsuzlyga gözegçiligi günüň aýagyna çenli saklanypdyr.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda döwlet garaşsyzlygynyň 33-nji ýyl dönümini belledi. Müňlerçe adamlyk mejbury ýörişler tutuş ýurt boýunça geçirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk Halky Palestina Goldaw Bermek Üçin Köçä Çykdy
Palestina Goldaw Ýörişleri Dowam Edýär
Ysraýylly Ýesirleriň Hossarlary Protest Ýörişlerini Dowam Etdirýär
Maryda welosipedli ýörişiň maddy çykdajylary ýene býujetçileriň “gerdenine ýüklendi”
Balkanda köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi, köçeler ýapyldy
Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi köpçülikleýin çäreler bilen bellär