Türkmenabat şäherinde nagt pul çykarmak üçin bankomatlaryň sany azaldyldy. Şäherde galan az sanly bankomatlaryň öňünde ýene-de nobatlar döredi.
Şäheriň dürli ýerlerinde öňden bar bolan bankomatlaryň ençemesi sökülip, aýryldy. Netijede, şäherde nagt pul çekip bolýan bankomatlaryň sany azalyp, pul çekmek üçin mümkinçilikler esli azaldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy we çeşmeleri maglumat berdiler.
“Gyzykly ýeri, birnäçe banklaryň içinde hem kart hasabyňdan nagt pul çykaryp bolar ýaly bankomatlar ýok. Bankyň administrasiýasy üçin bankomatlar bar, emma olar ilat üçin elýeterli bolmadyk ýerlerde, bankyň içinde ýerleşdirilýär” diýip, Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy 1-nji noýabrda gürrüň berdi.
Türkmenabadyň ýaşaýjylarynyň habar bermegine görä, häzirlikçe şäheriň diňe Geofizika we Ýüpek egrijiler etrapçalarynda ýerleşýän “Senagat” bankynda hem-de Zelili köçesinde ýerleşýän "Daýhan" bankynda bankomatlar bar.
“Lebap Pagta önümçilik birleşiginde bankomat bardy, 2-nji kiçi etrapçanyň we 3-nji kwartalyň ýaşaýjylary şol ýerden arkaýyn nagt pul alyp bilýärdiler. Iki aý mundan ozal ony hem aýyrdylar” diýip, 2-nji etrapçasynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Ýerli çeşmelere görä, şäheriň ýene birnäçe ýerinde ilat köpçüliginiň pul çeken bankomatlarynyň köpüsi ýok edilipdir, bank işgärleri munuň sebäbini düşündirmändir.
“72-nji döwlet dükanynyň öňündäki Ýelena’ söwda merkezindäki bankomat hem aýryldy. Indi 1-nji kiçi etrapçanyň ýaşaýjylary şäheriň çetindäki Lebap söwda merkezindäki bankomatlardan nagt pul almak üçin gitmeli bolýarlar. Emma ol ýerde-de elmydama uly nobatlar bar” diýip, 1-nji etrapçanyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.
Azatlyk Radiosynyň bankomatlaryň aýrylmagy bilen bagly ýagdaýy we onuň sebäplerini anyklamak üçin Türkmenabadyň häkimliginden we şäherdäki banklaryň wekilleri bilen resmi görnüşde habarlaşmak boýunça eden synanyşyklary netije bermedi.
Emma Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme, häkimligiň we güýç edaralarynyň işgärleri üçin puly nagtlaşdyrmakda kynçylygyň ýokdugyny aýtdy.
Muny türkmenabatly polisiýa işgäri hem tassyklady.
“Nagt pul gytçylygy bolsun ýa-da bolmasyn, ilki hatarda welaýat MHM bölümindäki bankomat puldan doldurylýar” diýip, Türkmenabat şäher polisiýasyndaky çeşme aýdýar.
Türkmenistanda aýlyklar, pensiýalar we kömek pullary bank kartlaryna geçirilýändigi sebäpli pul nagtlaşdyrmak ilat üçin uly zerurluk bolýar. Nagt bolmadyk hasaplaşyk usullaryň ösmedik ýurtda esasan nagt hasaplaşyk saklanýar. Puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyk adamlaryň, azyk satyn almak, jaý we jemagat hyzmatlaryna tölemek ukybyny töwekgelçilik astyna salýar.
Şu günler ýerli ýaşaýjylar öz puluny, zähmet haklaryny we pensiýalaryny nagtlaşdyrmak üçin dürli ýollary gözleýärler we hatda goşmaça çykdajy etmekden hem el çekmeýärler.
“Etrap, şäher we welaýat häkimliklerinde işgärler üçin ýörite bankomatlar goýuldy. Kärdeşlerimiz öz ýakynlaryna ýa-da tanyşlaryna bu bankomatlardan aýlyk haklaryny nagtlaşdyryp bermek hyzmatyny hödürleýärler we her bank kartyndan çykarylan pul üçin 30 manat möçberinde hyzmat hakyny alýarlar” diýip, Türkmenabat şäher häkimligindäki çeşme gürrüň berdi.
Pul çekmek üçin köpçülik ýerlerinde içi pully bankomat gözlemekden başga mümkinçiligi bolmadyk raýatlar uly nobatlarda durmaga mejbur bolýarlar.
“Senagat” we “Daýhan” banklarynyň öňünde geçen aýdan bäri uly nobatlar emele gelýär. Bu banklarda bankomat bar hem bolsa, olarada pul günde goýulmaýar.
“Nagt pul üçin ýene-de uly nobatlar emele gelýär. Her hepde diýen ýaly, iki gün nagt pula nobata duran adamlardan emele gelen uly toparlary banklaryň öňünde görmek bolýar. Adamlar daňdan sagat 4-de eýýäm nobata durýarlar. Mundan gazanç edýän adamlar hem ýene janlanyp başlady” diýip, şäher polisiýasyndaky çeşme gürrüň berdi.
Türkmenistanda nagt bolmadyk tölegleriň elýeterliligi örän gowşak, söwda we töleg terminallary köp ýerde asla ýok, bolsa-da talaba laýyk işlemeýär. Şeýle-de bolsa, ýurtda bankomatlaryň sany azaldylýar.
Merkezi Bankyň websaýtyndaky resmi sanlara görä, häzirki wagtda tutuş ýurt boýunça jemi 2141 bankomat bar, olaryň köpüsi Aşgabatda ýerleşýär.Resmi maglumatda-da bankomatlaryň sanynyň soňky ýyllarda azalandygy görkezilýär. 2020-nji ýylda 2198 bankomat bolan bolsa, 2024-nji ýylyň ýanwaryna çenli 53 sany bankomat ýok edilip, olaryň sany 2 145 ýetipdir.
Resmi maglumatda, şu ýylyň başyndan bäri ýurtda bankomatlaryň ýene 4 sanysynyň azalandygy görkezilýär.
Emma resmi maglumatda bankomatlaryň sanynyň azaldylmagynyň sebäpleri we bankomatlardaky pul gytçylygy agzalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.