Azyk önümlerini satyn almak türkmenistanlylaryň aglabasy üçin uly synag bolmagynda galýar. Azyk önümleriniň gytalmagy diňe bir döwlet dükanlarynda däl, eýsem bazar nyrhyndan haryt satýan söwda nokatlarynda nobatlaryň köpelmegine getirdi. Öz azyk üpjünçiligine düşen agramyň ýaramaz täsiri astyndaky raýatlaryň arasynda nobatlarda dartgynlylyk döreýär.
Azyk nobatyndaky dartgynly ýagdaýlaryň biri 15 -nji oktýabrda Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda döredi. Döwlet tarapyndan guramalaşdyrylan söwdada towuk budunyň we günebakar ýagynyň satylan wagtynda dörän uly nobatlarda ýakalaşyk boldy.
Şaýatlaryň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä, gyt harytlary satyn almak üçin baran we ýeter-ýetmezçilikden hem dyknyşykdan ejir çekýän adamlar nobatlara gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň gödekliginden gaharlanypdyr.
“Nobatlara gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň nobata duran adamlara gödek çemeleşendigi sebäpli 'Sizden doýduk, ýokardan [hökümetden] ugradylyp, bu ýere gelip, bize buýruk beren bolýaňyzmy?!' diýip, nobatdaky adamlar gazaba mündiler. Nobatda duran adamlaryň arasynda köşeşdirmäge synanyşanlar hem boldy" diýip, nobatda duranlaryň biri gürrüň berdi.
Bu ýagdaýa şaýat bolan adamlaryň sözlerine görä, polisiýa nobatda duran adamlary köşeşdirmäge çalyşypdyr we dartgynlylygyň has-da güýçlenmeginiň öňüni almagy başarypdyr. Çeşmeler nobata gözegçilik eden polisiýa işgärleriniň sanynyň köp bolandygyny bellediler.
Nobata gözegçilik eden polisiýa işgärleri, adamlaryň nobata durmak tertibini berjaý etmegine we alyjylar tarapyndan surat we wideo düşürilmezligine gözegçilik edýär.
Doňdurylan towuk budy ilat köpçüligi üçin iň elýeterli et önümi hasaplanýar we onuň hyrydary köp bolýar. Sygyr, goýun etine garanda bahasy arzanrak bolan towuk budy hem şu aýyň başynda tas iki esse gymmatlapdy.
"Gök" bazarda duşenbe güni towuk budy bilen bir wagtda günebakar ýagy hem satyldy. Soňky hepdelerde doly satuwdan aýrylan bu azyk önüminiň tekjelerde peýda bolmagy uly nobatlaryň döremegine sebäp boldy. Günebakar ýagy bir litri 18 manatdan satyldy.
Emma günebakar ýagynyň ýanyndan geçmeýän harytlar ýüklendi. Alaçsyz alyjylar muňa razy bolmaly boldular.
"18 manatdan satmaly ýagy 20 manatdan satmak üçin, ýanyna bir-iki sany çüýrän alma goşup berýärler. Almany iýer ýaly däl. Adamlar şoňa-da razy” diýip, alyjy gürrüň berdi.
"Gök" bazarda peýda bolan günebakar ýagy her bir adama 1 litrden köp satylmady. Towuk budy we günebakar ýagy 16 ýaşy dolmadyk raýatlara satylmandyr.
Günebakar ýagy we towuk budy Aşgabatda hem satyldy.
Döwlet dükanlarynda günebakar ýagy her bir adama diňe bir litrden 19 manatdan satyldy. Towuk budynyň bir kilogramy 16 manatdan satyldy.
Mary welaýatynda towuk budunyň bir kilogramy ýerli döwlet dükanlarynda 19 manatdan satyldy. Emma günebakar ýagy satuwda peýda bolan hem bolsa, köp etraplarda onuň bahasy gymmat bolup, bir litri 30 manatdan satylýar.
Marydaky we Aşgabatdaky habarçylaryň sözlerine görä, azyk üpjünçiligindäki aratapawut welaýat ýaşaýjylaryny paýtagta gitmäge mejbur edýär.
Türkmen hökümeti ýedi ýyl bäri dowam edýän azyk gytçylygyny resmi derejede düýpden agzamaýar. Çörek, un, ýumurtga, ýag we towuk budy ýaly azyk önümleri ilat köpçüliginiň azyk rasionynyň esasyny düzýär we olaryň uzaga çeken ýiti gytçylygy raýatlaryň iýmitlenmek hukugyny bozýar, köp maşgalalar kadaly iýmitlenmek mümkinçiliginden mahrum bolýar.
Emma türkmen häkimiýetleri kadaly azyk söwdasy üçin şert döretmegiň we ilat üçin ýeterlik azygyň satuwda bolmagyny üpjün etmegiň ýerine adamlaryň nobatlarda özlerini alyp baryşyna gözegçilik edýär.
Dükanlarda kameralar oturdylýar, azyk satylan wagtynda dartgynlylygyň bolmazlygy üçin söwda nokatlarynda polisiýa işgärleri nobatçylyk çekýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.