9-njy sentaýbrda Türkmenistanda “Amul-Hazar” rallisi başlandy. Mundan öň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow “Africa Eco Race” atly ralli marafonynyň baş direktory we guramaçysy Žan-Lui Şlessere, KAMAZ-yň baş direktory Seregeý Kogogine “Amul-Hazar” ýadygärlik teňňeleriniň toplumyny gowşurdy.
Türkmenabatda hem Žan-Lui Şlesseriň, ýaryşlaryň direktory Rene Metsiň hem-de rallä gatnaşyjylaryň arasyndan belli türgenleriň gatnaşmagynda brifing geçirildi.
TDH-nyň maglumatyna görä, ekipaž agzalaryna ýol ugrunda CPS ulgamyny ulanmak boýunça düşündirişler, beýleki maslahatlar berildi, düzgünler hem-de käbir beýleki kadalar anyklanyldy. Şlesser haýsydyr bir topar ýolda kyn ýagdaýa düşen beýleki topara kömek etse, onuň ýitirilen wagtynyň pellehanada hasaba alynjakdygyny belledi.
Neşiriň ýazmagyna görä, ralliniň açylyş dabarasy Türkmenabadyň “Baýdak” meýdançasynda geçirildi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdança barýan ýoluň ugrunda gutlag şygarlary, türkmen sährasyny we bäsleşigiň nyşanyny beýan edýän owadan bannerler, dürli öwüşginli suratlar goýlupdyr.
Meýdançada bolsa münber, sahnalar gurnalypdyr, ägirt uly monitorlar oturdylypdyr, saz ýaňlanýar. Lebap welaýatynyň birleşdirilen estrada orkestriniň çykyşy baýramçylyk ruhuny döredýär.
Prezident Berdimuhamedow rallä gatnaşyjylara gutlag sözi bilen çykyş etdi. Döwlet baştutany ýurduň taryhy ýerleriniň üstünden geçän ýaryş ýolunyň 1571 kilometre barabardygyny belläp, sportsmenlere rowaçlyk arzuw etdi.
“Soňra Žan-Lui Şlesser meýdança ak “Linсoln” kabrioletde girýär. Ol prezidente ralliniň guramaçylygy üçin hoşallyk bildirdi we bu bäsleşigiň dürli milletleriň 25-sinden 500-den gowrak adamyň bir ýere birleşmegine sebäp bolandygyny we şunuň özüniň hem “uly ýeňişdigini” belledi. Soňra döwlet baştutany halkara ralliniň dabaraly ýörüşine gatnaşyjylara ak pata berdi diýip, TDH habar berýär.
1 of 11