Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär

Türkmenabatda adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar, nobat köpelýär

Lebap welaýatynda çörek söwdasynda ýene-de bökdençlik döredi. Türkmenabadyň döwlet dükanlarynda buhanka çöregi adam başyna ikiden köp satylmaýar. Dükanlaryň öňündäki nobatlar daňdan başlanýar. Bu barada Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 27-nji awgustda maglumat berdi.

Türkmenabat şäheriniň ähli etrapçalarynda döwlet dükanlarynyň öňünde çörek nobatlary emele gelip başlady.

Ýaşaýjylaryň we dükan satyjylarynyň sözlerine görä, indi satylýan çöregiň sanyna çäklendirme girizilipdir, mundan öň islendik möçberde çörek satyn alyp bolýardy.

“Häzirlikçe adam başyna 2-sany buhanka berilýär” diýip, Türkmenabat şäheriniň 2-nji kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Şu günler çörek nobatlaryny “Himikler köşgi” diýlip atlandyrylýan etrapçada, 2-nji kiçi etrapçada, 3-nji kwartal we “Üç punkt” kiçi etrapçasynda ýerleşýän döwlet dükanlarynda görüp bolýar. Nobatlar daňdan sagat 5 töweregi emele gelip başlaýar.

Döwlet dükanlarynda çöregiň bahasy 2,5 manat. Hususyýetçilerde iň arzan çörek 4 manatdan, gymmatragy 10 manatdan satylýar.

Döwlet dükanlaryndaky häzirki çörek gytçylygy şu aýyň ortasynda başlanypdyr.

Türkmenabatda häzirki çörek gytçylygyna gabat Lebap welaýatynyň ýerli habar beriş serişdesi bolan "Jeyhun.News" websaýty ýerli çörek kärhanasynda önümçilik meýilnamasynyň üstünlikli berjaý edilenligi hakynda habar çap etdi.

“Lebapgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki 2-nji çörek kärhanasynda netijeli işler alnyp barylýar.Kärhanada şu ýylyň geçen ýedi aýynda çörek we çörek önümleriniň 9 müň 860 tonnasy, unaş önümlerini hem 292 tonnasy öndürilip, ilata hödürlenildi.

Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 27 million 820 müň 525 manatlyga deň boldy. Ýedi aýlyk iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi" diýlip habarda aýdylýar.

Türkmenabatda iki sany uly çörek fabrigi we çörek bişirýän kiçi kärhanalar bar. Olaryň önümini satýan döwlet dükanlary her etrapçada bar.

Azatlyk bilen 26-njy awgustda gürrüňdeş bolan türkmenabatly ýaşaýjylar ýerli häkimiýetleriň çöregiň gytalmagynyň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş bermändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň söwda resmilerinden çörek söwdasyndaky häzirki gytçylyk barada maglumat we düşündiriş alyp bilmedi.

Resmi maglumat boşlugy şäherde dörän çörek gytçylygynyň sebäpleri barada şäher ýaşaýjylarynyň arasynda dürli pikirleri döretdi.

Şäheriň 3-nji kwartalynyň ýaşaýjysy çörek gytçylygy emeli ýagdaýda döredilýär diýip, pikir edýändigini aýtdy.

“Çörek nobatyna duranlaryň aglabasy, daçalarynda we obalarynda saklaýan mallaryna iýmit hökmünde berýärler. Arzan çörege mätäçler bolsa çöreksiz galýarlar” diýip, türkmenabatly ýaşaýjylaryň biri öz pikirini paýlaşdy.

2-nji kiçi etrapçanyň ýaşaýjysy bolsa, gytçylygy un ogurlygy bilen baglanyşdyrýar. “Her gezek gytçylyk ýüze çykanda çörek fabrikalaryna berilýän unuň hususyýetçilere gymmat bahadan satylýanlygy anyklandy diýip, polisiýada işleýän goňşym aýdyp berýär” diýip ýene bir türkmenabatly pikirini paýlaşdy.

Türkmenistanda ýyllarboýy saklanýan çörek gytçylygy ýygy-ýygydan güýçlenýär. Häkimiýetler munuň sebäplerini düşündirmän, hatda gytçylygyň bardygyny boýun hem almaýarlar.

Şeýle-de bolsa, käwagt käbir çäreleri amala aşyrýarlar. Ýaňy-ýakynda Balkan welaýatynda häkimiýetler iki aý uzaga çeken çörek gytçylygyna birden çözgüt tapdylar.

Azatlygyň habarçysynyň 19-njy awgustda beren maglumatyna görä, Türkmenbaşyda uzaga çeken arakesmeden soň çörek söwdasy ýola goýuldy. Döwlet dükanlaryndaky çörek söwdasy häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda geçdi, howpsuzlyk işgärleri hatda alyjylaryň telefonlaryny barlady.

Bu ýagdaý Azatlygyň beren habarynyň yzýanyna gabat geldi. Habarçymyzyň 8-nji awgustda beren maglumatynda, käbir ýerli döwlet dükanlarynda buhanka çöreginiň hepdede bir sapar satuwda çäkli mukdarda bolandygy, unuň bolsa soňky iki aýa golaý wagt bäri tekjelerde asla görünmeýändigi aýdylypdy.

Çörek krizisini boýun almakdan we onuň sebäpleri barada resmi düşündiriş bermekden saklanýan türkmen häkimiýetleri bugdaý planynyň şu ýyl üstünlikli ýerine ýetirilendigini we ozalkylary ýaly 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaýyň ýygnalandygyny iýulda yglan etdi.

Çörek, un gytçylygy Türkmenistanda 2017-nji ýylda başlandy. Şol ýylyň dekabr aýynda döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar döredi, un çäklendirilip satyldy. Şondan soň un-çörek krizisi gitdigiçe güýçlendi.

Şonda çörek gytçylygynyň fonunda döwlet habar beriş serişdeleri türkmen telekeçileriniň çörek önümlerini eksport etmäge taýýarlanýandygyny habar beridi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Maryda arzan çörek isleýänlerden ýany bilen köke satyn almak talap edilýär
Un 250%, çörek 150% gymmatlady, dükanlaryň öňündäki nobatlar aýryldy
Aşgabadyň söwda merkezindäki 'arzan' geýim söwdasy polisiýanyň gatyşmagyna getirdi
Çörek kärhanalarynyň işgärleri çöregiň öndüriliş şertlerine alada bildirýär
Türkmenbaşyda günebakar ýagynyň üpjünçiligi birden peseldi, bahalar gymmatlady
Arzan azyk erjellik edýär, towuk budy ýene 'gözden uçdy'