Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda, 10-njy dekabrda Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan uly ýoluň ugrunda her biri 32 maşgala niýetlenen, 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 40-sy ulanmaga berildi. Ähli amatlyklary bolan döwrebap jaýlara jemi 1280 maşgala göçüp bardy. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, esasan, 2-3 otagdan ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin ähli şertler döredilipdir. Öýleriň giň aşhanasy, myhmanlara niýetlenen ýörite jaýy we çagalar otagy zerur durmuş hajatlary bilen üpjün edilipdir. Umumy meýdany 96 gektara barabar bolan täze ýaşaýyş jaý toplumynda ýaşaýjylar üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr.

Türkmenabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda bu toplumy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Demirbetonönümleri we Demirbetonkonstruksiýa kärhanalarynyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäher häkimligine degişli bolan Şähergurluşyk we hyzmat döwlet kärhanasy gurdy. Gurluşyk işlerinde ýerli gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy binalary öz wagtynda ýokary hilli gurmaga mümkinçilik berdi.

Ýene degişli makalalar

Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar
Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir
Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy
Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar