Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar

Türkmenabatda 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumy açylar

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan täze ýaşaýyş jaý toplumy 1280 maşgala üçin niýetlenendir.

Täze toplumyň gurluşygyna 2019-njy ýylda başlanypdy we ol Garaşsyzlygyň 31 ýyllygy mynasybetli baýramçylygyň öňüsyrasynda açylyp, ulanylmaga beriler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi. Täze toplum hersi 32 öýli dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýdan ybaratdyr.

“Lebapgurluşyk” önümçilik birleşigi, “Demirbetonkonstruksiýa” kärhanasy, “Demirbetonönümleri” kärhanasy, “Şähergurluşyk we hyzmat” hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanasy bu gurluşyklaryň potratçylarydyr. Toplumyň gurluşygyna “Zehinli ussa”, “Jöwher gala”, “Ýyndam gurluşyk”, “Dowamly nyşan”, “Asuda nesil”, “Saldamly goşant” we başgada birnäçe hususy kärhanalar gatnaşýarlar.

Ýaşaýyş jaýlardan başga-da, şäherde 100 sany kottejiň açylmagyna garaşylýar.

Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda geçen ýylyň oktýabr aýynda 17 sany 4 gatly we 70 sany 2 gatly kottej jaýlar toplumyndan ybarat bolan ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Onuň umumy meýdany 23 gektara barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabat şäherinde 1280 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlar toplumy açyldy
Lebap welaýatynda täze ýaşaýyş jaýlar toplumynyň açylyş dabarasy boldy
Halkymyzyň abadan durmuşy hakyndaky alada milli Liderimiziň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgesidir
Türkmenabatda birbada 4 gatly jaýlaryň 17-si, 2 gatly kottejleriň 70-si açyldy
Türkmenabatda 1280 maşgala üçin 40 sany ýaşaýyş jaýy ulanmaga berildi
Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar