Türkmenabat: Ýerzeminde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhanada tussaglaryň 'mertebesi kemsidilýär'

Türkmenabat: Ýerzeminde ýerleşýän wagtlaýyn gabawhanada tussaglaryň 'mertebesi kemsidilýär'

Tussaglara adamkärçiliksiz çemeleşmekde tankyt edilýän türkmen türmeleriniň birinde administratiw temmi bilen wagtlaýyn tussaglykda oturyp çykan bir türkmenabatly ýaşaýjy tussaglaryň ynsan mertebesiniň kemsidilip, urgulara sezewar edilýändigini aýdýar.

Ol Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän içer işler edaralaryna degişli bir wagtlaýyn tussaghanada 15 gije-gündiz tussaglykda saklanypdyr.

Türkmenabatly ýaşaýjy wagtlaýyn tussaghananda arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeýändigini, tussaglaryň türme sakçylary tarapyndan kemsitmelere sezewar edilýändigini aýdýar.

“Türme kameralarynyň poly tagtabitinden doly. Ýokardan buýruk gelen ýagdaýynda, tussaglaryň özüne hlor bilen kameralary ýuwdurýarlar. Bu aralykda, tussaglar hloryň ysyna bogulyp oturýar” diýip, türkmenabatly aýdýar.

Ol özüniň wagtlaýyn tussaghanada geçiren wagt möhletiniň gynamalara barabar bolandygyny gürrüň berýär.

“Men 15 gün gynamadan geçen ýaly boldum. Her gün daňdan sagat altyda polisiýanyň nobatçylygy çalyşýar we kameralarda barlag işleri geçirilýär. Nobatçy kamera girip, adyňy tutan mahaly, haýsy madda esasynda tussag edilendigiňi aýdyp, aşak çökmeli, bolmasa, nobatçy içiňe aýagy bilen depýär” diýip, türkmenabatly aýdýar.

Ol türme kamerasyny suratlandyrýar.

“Kamerada penjire ýok, penjiräniň ornunda birnäçe gatlakly metal plastinkalar’ ýapyşdyrylypdyr. Kameranyň içine metalyň ýüzündäki ownuk deşiklerden Gün şöhleleri düşýär. Kameranyň gapysynyň ýokarsynda 300 watlyk lampa gije-gündiz işleýär” diýip, türkmenabatly aýdýar.

Onuň sözlerine görä, elektrik lampasynyň kameralarda gije-gündiz işledilmegi tussaglary ukudan mahrum edýär.

Şeýle-de, ýerzemindäki wagtlaýyn tussaghananyň girelgesine golaý ýerleşýän kameralar tussaglaryň arasynda işçi kameralary’ atlandyrýan ekeni. 8-10 adamlyk kameralarda saklanýan tussaglar tussaghananyň arassaçylyk işlerine çekilýärler.

“Tussaghanadaky käbir polisiýa işgärleri halamadyk tussaglaryna maýka ýa-da köýnek bilen pol ýuwdurýar” diýip, 15 gije-gündiz wagtlaýyn tussaglykda oturyp çykan türkmenabatly aýdýar.

Türkmenistanda administratiw hukuk tertibiniň bozulmagy, administratiw temmi çärelerine, şol sanda 15 gije-gündiz möhlet bilen administratiw tussaglyga çenli eltip bilýär.

Öňki administratiw tussag Türkmenabadyň wagtlaýyn tussaghanasynyň iýmit şertleriniň hem ýaramaz bolandygyny, mümkinçiligi bolan tussaglaryň polisiýa işgärlerine para berip, hossarlaryna daşardan nahar getirtdirýändigini gürrüň berýär.

Öňki ýyllarda Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäherinde ýerleşýän we ilat arasynda “çernyý lebed”, ýa-da “Abdyşükür” tussaghanasy atlandyrylan wagtlaýyn gabawhananyň hem ýaramaz şertleri barada habar berip, bu jeza edarasynda tussaglaryň başdan geçirýän ýakymsyz tejribelerini paýlaşypdy.

Adam hukuklarynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda Türkmenistandaky eden-etdilikli tussag etmelere, türkmen türmelerinde dowam edýän gynamalara, adamkärçiliksiz çemeleşmelere, agyr we adam ömrüne howp salýan türme şertlerine hem-de syýasy tussaglaryň ýagdaýyna aladalar beýan edilýär.

Türkmen resmileri türme şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edilýändigini aýdýarlar.

Golaýda Azatlyk Radiosynyň habarçylary birnäçe tussaglara we tussag hossarlaryna salgylanyp, Baýramalynyň türmesindäki adamkärçiliksiz şertler barada hem habar beripdi.

Azatlyk Radiosy Türkmenabat şäheriniň wagtlaýyn tussaghanasyndaky ýagdaýlar boýunça sebit polisiýasyndan resmi teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, Zaman gazetini nusga görkezdi
Kiýewiň Golaýynda FOX TW-niň Kameraçysy Ulagyna Ot Açylandygy Sebäpli Ýogaldy.
Samsung ulanyjylary sosial ulgamlarda aýratyn funksiýalara eýe bolarlar
Ilkinji iPhone 15 ýaşady
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy
Türkmenistanda çagalar ýitirim bolýar we zorluga sezewar edilýär. Häkimiýetler ýazga alýarlar, ýöne düşündiriş bermeýärler