“Türkmenabat uruşdan soňky şäheri ýatladýar”

“Türkmenabat uruşdan soňky şäheri ýatladýar”

Duşenbe güni Türkmenistanyň dürli künjeklerinde apy-tupan turdy. Azatlygyň sebitlerdäki habarçylarynyň sözlerinden we sosial medialarda paýlaşylan maglumatlardan çen tutulsa, iň köp Lebap welaýatynyň, hususanda merkezi Türkmenabat şäheriniň ejir çekendigine meňzeýär. Daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň öz ýakynlary bilen habarlaşyp bilmeýändikleri bilen aladalanýan pursady, türkmen häkimiýetleri we mediasy tebigy harasat, onuň netijeleri barada dymyşlygy saklaýarlar.

Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylary 27-nji aprelde giçlik Türkmenabada apy-tupanyň gelendigini, munuň netijesinde güýçli ýeliň jaýlaryň üçeklerini goparandygyny, şäheriň infrastrukturasyna we aragatnaşyk ulgamyna zyýan ýetirendigini maglumat berdiler.

“Asmanda galgaýan jaýlaryň üçekleri elektrik simlerini goparyp taşladylar. Ýel jaýlaryň penjirelerini hem gopardy. Ýagyşyň suwy göni jaýlaryň içine girdi. Ýelden goranmaga mümkinçilik ýokdy. Adamlar ýelden gaçyp, bukular ýaly ýer gözleýärdi. Ýeliň galdyran enjamlary, köçelerdäki ulaglaryň üstüne gaçýardy. Goňşymyň ulagyna beýleki jaýdan gopan alýumin bir penjire gaçdy” diýip, Azatlygyň Türkmenabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Şaýatlaryň sözüne görä, tebigy heläkçilik ýerli wagt bilen 19:30 töweregi ýüze çykypdyr. Bellesek, türkmen häkimiýetleri we metbugaty ilaty ýetip gelýän harasat barada öňünden duýdurmadylar.

Bolmasa, türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan turkmenportal internet neşiri "Ýene-de ýagyşlar: Aşgabatdaky bir hepdelik howa maglumaty" atly 26-njy aprelde çap eden makalasynda, paýtagtda duşenbe güni "günortana ýagşyň ýagmagyna, onuň gijä golaý güýçlenmegine garaşylýandygyny" belläp geçipdi.

Emma ilatyň nähilidir bir hüşgärlik görmelidigi barada hiç zat aýdylmady.Howa maglumatyna bagyşlanan makala "Что же, поживем увидим", ýagny "Görübermeli bolarda" atly sözlem bilen tamamlanýar.

“Ýel birdenkä başlady. Howa açykdy, nähilidir bir ýagdaýyň ýüze çykjakdygy barada yşarat ýokdy. Birdenkä asman garaňkalap, güýçli ýel turdy. Ýagyş bilen, daş ýa-da çäge, belki ikisi-de garylyp ýagýardy. Ýüzüňe urýan daş bölejiklerini duýsa bolýardy. Men şol wagt köçededim. Ýel garşymdaky jaýyň satellit antenasyny gopardy. Köp jaýlaryň üçekleri gopdy. Ýagyn juda güýçlidi” diýip, Azatlygyň habarçysy maglumat berdi.

Sosial ulgamlarynda Türkmenabatdaky harasatdygy aýdylýan wideolar hem paýlaşyldy.

Apy-tupanyň we güýçli ýagynyň netijesinde şäheriň köçelerini we jaýlaryň arasyny suw basdy.

“Ähli ýerini suw basdy. Jaýlaryň arasyndaky köçeleriň ählisi suwuň astynda galdy. Ýagyşyň suwy. Biziň köçämizde suw dyzyňa çenli ýetýär” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi. Ol şäherde zeýkeş ulgamynyň ýokdugy sebäpli, ýagyş suwunyň köçelerde ýygnanýandygyny hem belledi.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, tebigy harasatyň netijesinde jaýlaryň üçeklerine zeper ýetipdir, ýagtylyk sütünleri we baglar agypdyr. Mundan başga-da, mobil aragatnaşyk antenalary sandan çykypdyr.

Facebook ulgamynda ýerleşdirilen suratlarda hem ýokarda beýan edilen ýagdaýlary synlasa bolýar.

“Türkmenabat häzir uruşdan soňky şäheri ýatladýar. Şäherde entegem elektrik togy ýok. Simler kesildi. Köp antennalara zeper ýetdi. Içer ýaly agyz suwy-da ýok. Ilki mobil aragatnaşygy we internet hem işlemedi” diýip, Azatlygyň habarçysy ýagdaýlary suratlandyrdy.

Türkmenistanyň resmi häkimiýetleri, mediasy, şeýle-de türkmen hökümetine ýakynlygy bilen tanalýan ýarym-resmi internet neşirleri hem bu tebigy harasat, onuň netijeleri barada häzirlikçe maglumat bermeýärler. Lebap welaýat we Türkmenabat şäher häkimliklerinden hem kommentariýa almak başartmady.

Ýatlatsak, türkmen häkimiýetleri ozal-da ýurtdaky heläkçilikli tebigy hadysalary barada maglumat bermän, dymmagy saýlap alypdylar.

Bu aralykda, 27-nji aprelde Özbegistanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Buhara oblastynda hem güýçli ýel turdy. Özbek resmileri tebigy harasatyň netijesinde bir adamyň ölendigini, başga-da 30 sanysynyň ýaralanandygyny habar berýärler.

Özbegistanda apy-tupanyň gelen welaýatlarynda harasatyň döreden ýagdaýlaryny aradan aýyrmak üçin ýörite toparlar döredildi.

Goňşy ýurtda tebigy harasatyň netijeleri bilen göreşmek üçin Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 700 işgäri we 124 tehnikasy goýberildi.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň tebigy harasat barada dymýan, şeýle-de Türkmenabatda aragatnaşyk liniýalarynyň kesilen wagty, daşary ýurtlardaky türkmenistanlylar öz ýakynlary bilen habarlaşyp bilmeýändiklerini aýdýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde olar ýurtdaky nämälimligiň ýakynlarynyň ykbaly barada özlerini alada goýýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan dünýädäki iň ýapyk ýurtlaryň biri bolup, ol media azatlygy boýunça halkara guramalarynyň hasabatlarynda ýyldan-ýyldan iň ýaramaz orunlarda ýerleşdirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Güýçli ýagyn paýtagtyň we welaýatlaryň ýaşaýjylaryna zyýan ýetirdi
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Azerbaýjanyň we bütin türki dünýäniň esasy edebiýatçylaryndan biri bolan Anar Rzaýew
Şu dynç günlerinde Aşgabadyň teatrlarynda haýsy oýunlara tomaşa edip bolar
Türkmenabatda ýagyş zerarly agyz suw we lagym turbalary sandan çykdy
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Türkmen wekliýeti WETEX 2024 halkara sergisine gatnaşýar