25-nji oktýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, degişli resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäginde özara sergileri hem-de ýurdumyzda Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.Bellenen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Daşkent şäherinde “Türkmenistanda öndürilen” atly ýurdumyzyň harytlarynyň milli sergisi geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 20-21-nji noýabrynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde özbek harytlarynyň milli sergisini hem-de Ikinji türkmen-özbek sebitara forumyny geçirmek baradaky teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanyp, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini, bu ugurda Özbegistan Respublikasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz noýabr aýynda Türkmenabat şäherinde Özbegistan Respublikasynyň milli sergisini we Ikinji sebitara forumy geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.