Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tehnologik tejribeligini geçýärler

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary tehnologik tejribeligini geçýärler

Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde hünär kesgitleýiş synaglary tamamlanyp, üçünji ýyl talyplar tehnologik tejribeligine çykdylar.

Synaglaryň bu görnüşi şu okuw ýylynda uçurym boljak talyp ýaşlar bilen geçirilýär. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.

Habarda bellenilişi ýaly, mekdepde hereket edýän hünär ugurlarynyň 12-si boýunça şu okuw ýylynda uçurym boljak talyplaryň 200-den gowragy dersleriň 4-sinden synag tabşyryp, saýlap alan hünärine girişmäge taýýardygyny görkezdi.

Häzirki günlerde bolsa talyplar Türkmenabat şäherindäki demirýol menzilinde, Halkara awtomenzilde, Derýaýollary önümçilik birleşiginiň kärhanalarynda, welaýat döwlet arhiwinde we beýleki edara-kärhanalarda tehnologik tejribeliginde bolýarlar. Tehnologik tejribelik dekabr aýynyň ortasyna çenli dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Baýraktar TB 3 Synaglaryny Dowam Etdirýär
Injener Chozgutleri nebitgaz we energetika pudaklarynda giň gerimli inžener-gurluşyk işlerini ýerine ýetirýär
Türkmenistanda sürüjiler we halkara ulag operatorlary üçin okuw merkezi açylar
Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy