Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenabatdan Moskwa çenli ýene bir ýörite uçuşy amala aşyrdy.
Russiýanyň Sibir awiakompaniýasynyň S78536 belgili uçuşy bilen 172 adam Russiýa alnyp gidildi.
Bu uçuş pandemiýa başlaly bäri Russiýanyň ilçihanasy tarapyndan guralan altynjy ýörite uçuşdyr.
Ýakyn geljekde Türkmenistandan Russiýa ýene-de iki sany ýörite uçuş meýilleşdirilýär. Olar 2021-nji ýylyň 25-nji we 30-njy ýanwarynda bolar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Aleksandr Blokhin 18-nji dekabrda metbugat wekilleri üçin geçirilen onlaýn brifingde mälim edipdi.