Türkmenabat: migrasiýa we kanun ýygnagynda gatnaşyjylar düzgünden däl-de, gadagançylykdan habarly edildi

Türkmenabat: migrasiýa we kanun ýygnagynda gatnaşyjylar düzgünden däl-de, gadagançylykdan habarly edildi

Ilatyň migrasiýa möçberi barada resmi maglumatlary köpçülige mälim etmeýän Türkmenistanda migrasiýa we kanun barada ýygnaklary geçirip başladylar. Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy köpçülik üçin bu aktual mesele barada Türkmenabat şäherinde geçirlen çäre barada habar berýär.

15-nji iýunda Türkmenabat şäheriniň Medeniýet öýünde geçirilen “Migrasiýa we kanun, tertip-düzgün” atly ýygnaga ýerli polisiýa edarasy we migrasiýa gullugy guramaçylyk edipdir.

Ýygnaga gatnaşanlarynyň sözlerine görä, bu çärä býujet işgärleri gatnaşmaga mejbur bolupdyr.

"Duşuşygyň başynda migrasiýa gullugynyň wekilleri ýygnananlara ýurduň ýapyklygy barada “ýalan” maglumatlary ýaýratmazlyga çagyrdylar. Olar şeýle hereketlere jenaýat işi hökmünde garaljakdygyny bellediler. Çärede kanun, tertip-düzgün we migrasiýa syýasaty hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de bolsa, esasy üns maglumat gözegçiligine gönükdirildi. Häkimiýetler öz hereketlerini durnuklylygy saklamagyň we ilatyň howsala düşmeginiň öňüni almak zerurlygy bilen düşündirdiler" diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Habarçy bu ýygnagyň şäher ilatynyň arasynda dürli seslenme döredendigini belleýär.

Ýygnaga gatnaşan býujet işgärleriniň biri güýç edaralarynyň resmileri tarapyndan edilen çykyşlaryň migrasiýanyň düzgünlerini we kanuny mümkinçiliklerini düşündirmekden däl-de, eýsem adamlary gorkuzmakdan ybarat bolandygyny belleýär.

“Migrasiýa işgärleri resmi çeşmeler tarapyndan tassyklanmadyk islendik maglumatyň ýaýramagynyň çynlakaý netijelere sebäp bolup biljekdigini aç-açan aýtdylar. Ýurduň ýagdaýynyň kyndygyna hemmämiz düşünýäris, ýöne beýle usullar diňe adamlaryň nägileligini güýçlendirýär. Hakyky meseleleri çözmegiň ýerine bizi gorkuzýarlar" diýip, türkmenabatly anonim gürrüň berdi.

Gatnaşyjylar bilen gürleşen habarçymyz olaryň köpüsiniň özara söhbetdeşlikde çäräniň mejbury häsiýetinden we häkimiýetleriň haýbatlaryndan nägile bolandygyny belleýär.

"Medeniýet öýünde geçirilen çäre gatnaşyjylarda jogaplardan has köp sorag galdyrdy. Beýle bir manysyz mejbury çärelerden ýadadyk” diýip, ýene bir türkmenabatly aýdýar.

Türkmenabatdaky ýygnaga gatnaşan başga bir ýerli edaranyň işgäri özünde galan täsirleri paýlaşyp şeýle diýdi: “Bize netijeler barada aç-açan berlen duýduryşlara geň hem galmadyk, beýle haýbatlar ýyllarboýy dowam edip gelýär".

Ýygnagyň gidişinde resmiler Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň internet ulgamynda görnetin galp maglumatlary ýaýratmaklyk baradaky 378-nji maddasyna salgylanypdyr.

"Bilgeşleýin galp maglumatlary ýaýratmak" baradaky bu madda 1 we 10 ýyl aralygynda azatlykdan mahrum etmek ýaly jezany göz öňünde tutýar.

Türkmenabatly kanun bilermeni Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde bu maddanyň Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda 2014-nji ýylda kabul edilen kanun esasynda Jenaýat Kodeksiniň düzümine girizilendigini belledi.

Türkmenistanyň kanun goraýjy edaralary ýyllarboýy ýurtdaky ýagdaýlar barada maglumat akymyna gözegçilik etmäge synanyşýar. Emma soňky aýlarda häkimiýetleriň ilata gözegçiligi hasam güýçlendi. Köçelerde adamlaryň üýşmezligi üçin çäreler köpelýär, jemgyýetçilik transportunda wideo we ses ýazgysyny alyp barýan kameralar oturdylýar, ilatyň internetden we sosial mediadan peýdalanmagy çäklendirilýär.

Şol bir wagtda-da migrasiýa düzgünleri köpçülikde gyzyklanma döredýär. Migrasiýa akymyny görkezýän resmi sanlar çap edilmese-de, biometriki pasport almak üçin nobatlaryň iki ýyla uzamagy, wiza merkezlerindäki nobatlar we daşary ýurtlarda işleýän we okaýan türkmenleriň sany ilatyň ýurduň daşyna çykmak synanyşygynyň güýçlenýändigini görkezýär.

Raýatlaryň migrasiýa meselesinde kömek sorap häkimiýetlere ýüz tutýan halatlary esli köpeldi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Raýatlar Täze ýyla taýýarlyk çärelerine çekilýär
Türkmen resmileri Ženewada adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny nähili düşündirdi?
Ýasama pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy jisimleriň ulanylmagyna garşy wagyz işleri geçirilýär
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Maryda döwlet taksilerine gelnalyjy kerwenine gatnaşmak gadagan edildi
Häkimiýetler orta mekdeplerde 'ahlak gözegçiligini' güýçlendirýär