Türkmenabat: gadagan edilen it urşy tomaşaly çarä öwrüldi 

Türkmenabat: gadagan edilen it urşy tomaşaly çarä öwrüldi 

Türkmenabadyň golaýynda ýekşenbe güni gurnalan it uruşdyrmak ýaryşy, gadagançylyga garamazdan, uly bir çärä öwrüldi. 50 çemesi itiň uruşmagyna müňden gowrak adam tomaşa etmek üçin bardy. Ýeňijileri çaklap, pul oýnamak üçin totalizator gurnaldy. Märeke üçin azyk içgi ýaly zatlaryň söwdasy gurnaldy.

Ýurtda gadagan hasaplanýan it uruşdyrmak çäresi ilat arasynda uly gyzyklanma tapýar. Türkmenabadyň golaýynda "Ýokarky kerkinka" diýlip atlandyrylýan ýerde Amyderýanyň çep kenarynda geçirilen ýekşenbe günki it söweşi alty sagatlap dowam etdi. Müňden gowrak adam onlarça itiň bir-birini ýaryp, uruşdyrylmagyna tomaşa etdi.

"Ýaryşa 50-ä golaý it gatnaşdy, alty sagat töweregi dowam etdi. Ýaryş demir haýat bilen aýlaw edilen, haýata ýakyn baryp bolmaýar, adamyň köpliginden" diýip, bu çärä baran habarçymyz öz görenlerini gürrüň berdi.

Habarçynyň sözlerine görä, itleriň söweşine maddy gyzyklanma bar. Bu ýerde ýaryşýan itleriň ýeňmegine bil baglap pul ýatyrmak üçin totalizator gurnalýar. Her itiň eýesi hem garşydaşy bilen özara ylalaşyp, pul çykarýar. Tomaşaçylaryň çykarýan puly 50 manatdan 1 müň manada çenli.

"Meselem iki itiň eýeleri 15 münden totalizatora pul goýdy, haýsy it utsa, onuň eýesi 30 müň manat gazandy. Totalizatora pul goýýanlaryň stawkalary 400 manada, hatda 1 müň manada ýetýär. Stawka goýýan adam köp. 50 manat goýýan hem bar" diýip, habarçymyz aýdýar.

Ýaryşda görenlerini gürrüň beren habarçymyz käbir söweşiň 5 minut, iň uzagynyň 30 minut duwam edendigini gürrüň berdi. Söweşiň geçýän wagtynda meýdanda ýörite sudýanyň durýandygyny we onuň haýsy itiň utandygyny çözýändigini, her it söweşen wagtynda onuň eýesiniň itiniň adyny tutup gyssap durýandygyny habarçy aýtdy.

Bu it ýaryşynda garaşylmadyk pursat hem bolupdyr.

"Itleriň biri söweşe goýberilen wagtynda, ylgap gelip eýesini urup goýberdi. Eýesi uçup gidip, haýata ýapyşdy, ýerinden zordan galdy. It öz eýesini şonuň ýaly güýçli kakdy. Itler daýaw, agramy 80,90 kileden geçýär" diýip, habarçy aýdýar.

Bu ýere gelen tomaşaçylar esasan orta ýaşly erkek adamlar, emma arasynda aýal maşgalalar, çagalar hem düş gelýär.

"Çaga-da köp, gyz çaga hem bardy. Ol çagalary kakalary eltýär" diýip, habarçy belleýär.

It söweşleriniň geçýän ýerinde azyk we içgi söwdasy hem ýola goýuldy. Habarçymyz elleri sumkaly zenanlaryň tomaşaçylaryň arasynda aýlanyp, azyk önümlerini, şol sanda çişlik, spirtli içgileri hödürländigini gürrüň berdi.

Habarçymyz häkimiýetleriň it uruşlaryny gurnamagyň resmi taýdan gadagan edilendigini aýtmagyna garamazdan, bu gadagançylyk we onuň sebäpleri barada resmi taýdan düşündiriş bermeýändiklerini, meseläniň metbugatda hem gozgalmaýandygyny belledi.

Bu aralykda Türkmenabatda it uruşdyrmak çäreleri her 1-2 aýdan geçirilýändigini aýdýar. Ýaryşlary gurnaýan ýörite toparlar bar. Emma guramaçylara degişli takyk maglumatlar elýeterli däl.

Habarçymyz it ýaryşlaryna gatnaşýan itleriň eýeleriniň bardygyny, itleriň ýyllarboýy söweşe ýörite taýýarlanýandygyny aýdýar. Onuň sözlerine görä, söweşe gatnaşdyrylýan itleriň fiziki aktiwligine, iýmitine, hatda weterinariýa barlaglaryna üns berilýär.

Türkmenistanda it uruşdyrmak däbiniň saklanmagy ýurtda alabaý itleriniň kultunyň döwlet derejesinde ösdürilýän wagtynda dowam edýär. Alabaý itlerini köpeltmek üçin desgalar gurulyp, itlere heýkel dikilýän wagtynda idegsiz itlere rehimsizlik görkezilýär, köçelerdäki itler wagşylarça tutulýar, hatda köpçüligiň öňünde urlup, öldürilýär. Bu işi alyp barýan jemagat gulluklaryň işgärleri muňa çagalary hem çekýär.

2022-nji ýylyň tomsunda itlere rehimsizligi gadagan edýän itler baradaky ýörite kanunyň kabul edilmegi-de, häkimiýetlerde we jemgyýetde itlere rehim-şepagaty artdyrmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew Parižde Makron bilen gepleşik geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şwarsenegger ABŞ-da öýsüz weteranlar üçin ýaşaýyş jaýyna pul bagyşlady
Total futbolyň jemleýji bölümi
Total futbolyň 2-nji bölümi
Total futbolyň ilkinji kubogy