Şu günler Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheriniň ýol polisiýasy köçeleri pyýadalar üçin göz öňünde tutulmadyk ýerlerden kesip geçen raýatlara gözegçiligi güýçlendirdi. Polisiýa işgärleri gizlenip, düzgün bozan pyýadalary gözleýärler.
"Polisiýa tarapyndan 'awlanan' pyýadalar, ýagny pyýadalar üçin niýetlenen geçelgelerden geçmedik raýatlar hiç hili düşündiriş berilmezden, polisiýa awtoulagyna mündirilýär we polisiýa bölümine alnyp gidilýär" diýip, ýagdaýdan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.
Polisiýa bölümine alnyp gidilen ýaşaýjylaryň ençemesiniň habarçymyza aýtmagyna görä, düzgün bozan raýatlara "Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine" esaslanyp, 50 manat jerime salynýar.
Habarçymyz soňky günlerde polisiýanyň şäheriň diňe merkezi köçelerinde ýa şaýollarynda däl, eýse agyr ýükli awtoulaglaryň geçýän ýollarynda hem nobatçylyk çekýändigini aýdýar.
Ol bu ýollarda pyýadalar üçin niýetlenen geçelgeleriň, şäheriň merkezi köçelerine we şaýollaryna garanda, has azdygyny we munuň pyýadalaryň köpüsiniň köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozmagyna getirýändigini hem belledi.
"Bu ýollarda her 2 kilometrden pyýadalar üçin geçelgeler bar. Ýaşaýjylar bu iki kilometri yzyna ýöräp, soňra geçelgeden geçip, ýene 2 kilometr yzyna ýöremeli bolýarlar. Şeýlelikde, olar goşmaça dört kilometr ýoly pyýada ýöräp geçmeli bolýarlar" diýip, ýaşaýjy aýtdy.
Habarçymyz ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, polisiýa işgärleriniň düzgün bozan raýatlara birinji gezekde duýduryş berip goýbermelidigini aýdýar. Muňa derek, polisiýa köplenç buky ýerlerde gizlenip durýar we pyýadalar köçeleri kesip geçen dessine olary saklap, polisiýa bölümine alyp gidýär.
"Türkmenabatda ýekeje ýerde-de pyýadalar üçin niýetlenen ýerasty ýa-da ýerüsti geçelgeler ýok, diňe köçelerdäki we ýollardaky geçelgeler bar. Olardan geçmek hem uly problema bolup, ulag sürüjileri köplenç pyýadalara ýol bermeýärler. Ulag sürüjileri pyýadalara ýol berse-de, olar pyýadalary gyssaýarlar. Pyýadalar ylgap köçeden geçmeli bolýarlar" diýip, ýaşaýjy belledi.
Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada Türkmenabadyň Polisiýa müdirliginden goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.
Türkmenistanda häkimiýetler köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara gözegçiligi wagtal-wagtal güýçlendirýärler. Bu gözegçilik, şu ýylyň maýynda “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine” üýtgeşme girizilip, ýol hereketini bozýanlara salynýan jerimeleriň mukdarynyň artdyrylmagynyň yz ýany has-da batlandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.