Lebap welaýatynyň orta mekdeplerinde barlaglar geçirilýär. Welaýatyň bilim müdirliginiň resmileri tapan kemçilikleri dessine düzetmegi talap edýär, emma barlagyň sebäplerini düşündirmeýär.
Türkmenabadyň orta mekdeplerinde soňky günler geçirilen barlaglar okuw jaýlarynda başagaýlyk döredi. Azatlygyň ýerli habarçylarynyň 28-nji fewralda beren maglumatyna görä, barlaglar Lebap welaýatynyň baş bilim müdirliginiň wekillerinden düzülen topar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Habarçymyzyň sözlerine görä, barlagçylaryň talaplaryny ýerine ýetirmek işiniň diňe bir mekdep işgärleri bilen çäklenmän, hatda ene-atalara-da täsir ýetiripdir: "Gelen komissiýa her orta mekdebine baryp, içine aýlanýar we mekdepde tapylan kemçilikleri düzetmegi okuw jaýynyň müdirine tabşyrýar. Mekdep ýolbaşçylary şol tabşyryklary mugallymlara ýetirýär. Olar bolsa, öz gezeginde, ene-atalardan talap edýär".
Lebapdaky habarçymyzyň sözlerine görä, mekdeplerde tapylan kemçilikler binalaryň içerki ýagdaýyna we daşky durkuna degişli. Arassaçylyk we abadançylyk işlerini ýyllarboýy mugallymlaryň we çagalaryň ene-atalarynyň hasabyna amala aşyryp gelýän mekdepleriň maddy üpjünçiligine döwlet tarapyndan ýeterlik serişde goýberilmeýär.
Häzirki bargalaryň netijesinde-de kemçilikleri düzetmek üçin maliýe serişdeleriň bir bölegini okuwçylaryň ene-atalaryndan toplamak kararyna gelnipdir. Türkmenabatly mugallymlaryň we çagalary mekdepde okaýan ýaşaýjylaryň birnäçesi bilen gürleşen habarçymyz mekdebi abatlamak üçin pul toplanyp başlandygyny aýdýar.
"Mugallymlar okuwçylaryň ene-atasyna jaň edip, ýa-da sms ýazyp, mekdebiň remontyna 50-60 manat tabşyryp, kömek etmegini soramaly bolýarlar" diýip, türkmenabatly mugallym aýdýar.
Mekdep mugallymlary onsuzam alýan aýlygyndan esli bölegini mekdebiň zerurlyklaryna sarp etmeli bolýandygyny aýdyp, tutumlaryň yzy üzülmeýär diýýärler.
"Üç müň çemesi aýlyk alýan bolsak, şondan esli puly mekdebe sarp edýäris.Synp sapaklaryna gerek bolan žurnallary, tagtada çyzýan mel ýaly zatlary ýörite dükandan özümiz satyn alýarys.
Synp otaglarynda goýlan prezidentiň portretlerini, Magtymguly pyragy ummany şygarlaryny hem öz hasabymyza satyn almaly bolduk.Ene atalar hem bize düşünmeli.Biz olardan mekdebi düzetmäge ýardam beriň, diýip haýyş bilen kömek soraýarys" diýip, Türkmenabat şäheriniň mugallymy anonim şertde gürrüň berdi.
Okuwçylaryň ene-atalary bolsa, özleriniň dürli tutumlardan halys ýadandygyny aýdýarlar. Okuw ýylynyň başynda we soňunda, şeýle-de ýylyň dowamynda ençeme gezek dürli maksatlar üçin okuwçylardan pul talap edilýär. Azatlyk bilen gürleşenleriň käbiri şol bir wagtda-da mugallymlaryň hem ýagdaýyna düşünýändiklerini belleýärler.
"Mugallymlara hem düşünse bolýar. Döwlet tarapyndan mekdep zerurlyklaryna ýeterlik pul berilmeýär. Mugallymlaryň özleri bolsa aýlyk üçin has köpräk sagat aljak bolup, müdirlerine para bermäge-de razy bolýarlar. Üstesine, olar yzly-yzyna çärä, medeni we sport dabaralaryna gatnaşmaga mejbur bolýarlar" diýip, türkmenabatly ene aýdýar.
Türkmenistanyň resmileri okuw jaýlaryndaky problemalar, maddy üpjüniliginiň gowşaklygy we geçirilýän barlaglaryň netijesinde tapylýan kemçilikler barada resmi taýdan teswir bermeýärler.
Bu aralykda garaşsyz neşir Aşgabatda birnäçe ýyl mundan ozal binasynda kemçilik tapylan bir mekdebiň ýumrulýandygyny habar berdi.
"Türkmenistanyň Hronikasy" garaşsyz neşiriniň 26-njy fewralda çap eden maglumatyna görä, Aşgabatda 7 ýyl ozal gurlan 135-nji mekdep onuň binasyndaky jaýryk sebäpli ýykylýar. Parahat-7 etrapçasyndaky mekdebi ýumurmak kararynyň binanyň ýykylmak howpy bilen baglydygy aýdylýar.
"2020-nji ýylyň ahyrynda binanyň fasadynda jaýryk peýda boldy. Ondan soň 1-nji synpdan 4-nji synp aralygyndaky okuwçylar beýleki mekdeplere geçirildi, ýöne orta synp okuwçylary mekdebiň binasynda okamagyny dowam etdirdiler" diýlip, maglumatda aýdylýar.
2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmen.news neşri hem 600 okuwçy üçin niýetlenen bu mekdebiň binasynyň çat açandygyny habar beripdi. Maglumatda jaýrygyň binanyň tutuş fasadyndan, ikinji gatdan üçege çenli geçýändigi aýdylypdy.
Şonda neşir 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ulanylyşa berlen mekdebiň üç ýyla ýetmän çat açmagyna çägeli toprakda dikilen binanyň gurluşygynyň hiliniň pesliginiň sebäp bolandygy habar beripdi.
Aşgabadyň №135-nji mekdebi binasynyň çat açmagyna garamazdan, soňky üç ýylyň dowamynda işlemegini dowam etdiripdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.