Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde içki uçuş ugurlarynyň ählisi dikeldildi

Türkmenabadyň Halkara howa menzilinde içki uçuş ugurlarynyň ählisi dikeldildi

1-nji iýundan Türkmenabat halkara howa menzilinden ýurduň sebitlerine howa gatnawlary dikeldildi. Howa gatnawlarynyň tertibi Türkmen gündogary gazetiniň 3-nji iýundaky sanynda çap edildi. Bu barada Jeyhun.news habar berdi.

Ozal bu ýerden diňe Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat ugry boýunça gatnaw amala aşyrylýardy. Indi lebaplylar we onuň myhmanlary Türkmenbaşy we Daşoguz şäherlerine hem uçarly gidip bilerler. Uçuşlar Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça hepdede üç gezek: duşenbe, çarşenbe we şenbe günleri, Türkmenabat — Daşoguz — Türkmenabat ugry boýunça hepdede iki gezek: duşenbe we anna günleri ýerine ýetiriler.

Türkmenabat — Aşgabat —Türkmenabat ugry boýunça, ozalkysy ýaly, günde iki gezek gatnaw dowam eder.

1-nji iýundan Aşgabat — Türkmenabat — Aşgabat ugry boýunça awtobus gatnawynyň dikeldilendigini habar beripdik. Şol seneden Türkmenabat — Gazojak — Türkmenabat we Türkmenabat — Amyderýa — Türkmenabat aralygynda otly gatnawlary hem ýola goýlupdy.

Ýene degişli makalalar

Sebitara transport kynçylyklary dowam edýär, taksileriň ýol kireýleri gymmatlaýar
BAE-de uçýan taksiler hyzmat bermäge başlady
23-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Täze ýolagçy uçary gelip gondy
Türkmenistan awiakompaniýasy ýanwaryň başyndan 10 sany halkara ugur boýunça uçuşlary amala aşyrýar
Anka-3 Ilkinji Uçuşyny Üstünlik Bilen Amala Aşyrdy
Baýraktar TB3 Uçuş Synagyny Üstünlik Bilen Geçdi