Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar

Türkmenabadyň etegindäki täze jaýlara hyrydar tapylmaýar

Bu günler Lebabyň dolandyryş merkeziniň eteginde gurlan ýaşaýyş jaý toplumyny ýylyň aýagyna çenli tabşyrmak tagallalarynyň çäginde, häkimiýetler sebitiň beýleki edara-kärhanalarynda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýärler. Bu aralykda, ýerli ýaşaýjylar, degişlilikde arzan bahadan satylýan bu jaýlaryň hiliniň pesdigini aýdyp, olary satyn almakdan ýüz öwürýärler.

“Türkmenabadyň Azatlyk etrapçasynyň Arkadag’ köçesindäki, aeroporta barýan ýoluň ugrunda galdyrylan ýaşaýyş jaý toplumyny Bitaraplyk baýramyna, ýagny 12-nji dekabra çenli doly tabşyrmak ugrunda gije-gündiz gurluşyk işleri alnyp barylýar” diýip, adynyň efirde üýtgedilip Tylla diýlip tutulmagyny soran ýerli hünärmenleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Ol Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň, ýagny Türkmenabadyň demirbeton kärhanasynyň, Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawodynyň dagy gurýan 1 müň 200 kwartiradan ybarat, dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky böleginiň eýýäm galdyrylandygyny aýtdy. Häzirki wagt bolsa, şpakloýwka, boýag ýaly içerki timarlaýyş işleriniň alnyp barylýandygyny belledi.

“Bu proýekte çekilen gurluşykçylar bu işleri wagtynda dynyp bilmeýärler. Şol sebäpli, häkimiýetler Türkmenabadyň ähli edara-kärhanalarynda gurluşyk işlerinden sähel başy çykýanlary hem, elbetde hiç hili goşmaça töleg etmezden, jaýlaryň timarlaýyş işlerine çekýärler” diýip, bu gurluşygyň jikme-jiklerinden habarly söhbetdeşimiz nygtady.

40 ýaşlaryndaky Tylla bu jaýlaryň bahalarynyň, dollaryň gara bazardaky kursy bilen deňeşdirilende, degişlilikde arzandygyny, ýagny 3 otagdan ybarat kwartira üçin 500 müň manat (gara bazaryň nyrhy boýunça $25 müň, resmi alyş-çalyş kursy boýunça hem $143 müň), 4 otagdan ybarat kwartira üçin bolsa, 700 müň manat soralýandygyny aýtdy.

Emma ol häzire çenli 1 müň 200 kwartiradan diňe 550 töwereginiň satylandygyny belläp, raýatlaryň köpüsiniň bulardan ýüz öwürýändigini nygtady.

“Birinjiden jaýlar 1970-nji ýyllaryň proýektlerine görä galdyryldy, üstesinde-de olaryň gurluşygynda kemçiliklere ýol berildi. Bu toplum Türkmenabatdan 20 km uzaklykda, çölüň gabadynda ýerleşýär. Şemal turanda çägäni saklar ýaly hiç hili infrastruktura, baglar ýok. Golaýda şemal bolanda, çägeli tupandan ýaňa gözüňi açyp bolmady, jaýlaryň käbiriniň içini hem gum basdy” diýip, ýerli hünärmen belledi.

Ol bu toplumyň welaýatyň dolandyryş merkezinden has uzakda ýerleşýäni üçin hem, köpleriň olary satyn almaýandygyny sözüne goşdy.

“Türkmenabadyň merkezine aşjak bolsaň, bir tarapyna adam başyna 30-40 manat harçlamaly. Şäherden aeroporta gatnaýan 6 belgili ýeke-täk awtobus hem her 45 minutdan bir gezek gelýär” diýip, Tylla aýtdy.

Onuň sözlerine görä, bu jaýlar üçin 10 ýyl, 30 ýyl ýaly ipoteka göz öňünde tutulmandyr, ähli tölegleri bir wagtyň özünde geçirmek talap edilýär. Mundan başga-da, mümkin täze jaý eýelerine kesgitlenen görnüşdäki mebelleri öz hasaplaryna satyn almak barada talap bar.

“Dört otagly jaýa mebel almak üçin, bankdan 60 müň manat karz aldym. Emma bu pul hem ýetmejege meňzeýär. Jaýyň tölegini geçirmek üçin ilki tanyşlarymdan karz aldym, soňra-da mebel üçin bankdan hem kredit aldym. Bulary häzirki ykdysady ýagdaýlarda nähili üzüp biljegimi hem bilmeýärin” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň biri öz başdan geçirýän ýagdaýlaryny gürrüň berdi.

Azatlygyň dowamly synanyşyklaryna garamazdan, ýokary ýagdaýlar boýunça Lebabyň häkimliginden we bu jaýlaryň gurluşygyny alyp barýan edaralardan hiç hili kommentariýa almak başartmady.

Ilatyň täze jaýlary satyn almakdan ýüz öwürýändigi baradaky habarlar, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň, işsizligiň, azyk gymmatçylygynyň we gytçylygynyň arasynda, ilatyň güzeran eklenjiniň barha agyrlaşýandygy barada habarlaryň gowuşýan mahalyna gabat gelýär. Habarçylarymyz ilat arasynda elektrik energiýasy, gaz we suw ýaly hojalyk hyzmatlary üçin töleglerini töläp bilmeýän, zir-zibil dörýän, dilegçilik edýän raýatlaryň köpelýändigini hem habar berýärler.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň netijelerini aç-açan boýun almaýarlar.

Şol bir wagtda, synçylar Türkmenistanyň soňky on ýyllykda guran we gurýan, milliardlarça dollar serişde harçlaýan myhmanhanalar, medeniýet merkezleri ýaly kaşaň we gymmanatbaha desgalarynyň köpüsiniň ykdysady manysyny sorag astyna alýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Maýottada deňiz harasaty sebäpli 14 adam heläk boldy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?