Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi

Türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Käbeden gaýdyp geldi

Şu gün Gurban aýynyň nurana günlerinde mukaddes Mekgede we Medinede bolup, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji topary Aşgabada sag-aman dolanyp geldi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, zyýaratçylar mukaddes däp-dessurlary, musulman dünýäsindäki parz işleri berjaý etmäge döwlet tarapyndan döredilýän şeýle giň mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan edýärler.

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýyl türkmen zyýaratçylarynyň jemi 2312-si Türkmenhowaýollary agentligi tarapyndan Aşgabat — Jidda aralygynda ýörite guralan göni howa gatnawlary arkaly sekiz günüň dowamynda, tapgyrlaýyn esasda haj parzyny berjaý etmäge ugradyldy.

Türkmen zyýaratçylary yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanýan mukaddes Mekgede bolup, keramatly Käbä togap etdiler. Ýedi ýola Sapa we Merwe daglarynyň aralygyny geçdiler. Olar Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelen musulmanlar bilen bilelikde haj parzyny berjaý edip, mukaddes Medinede Muhammet pygamberiň we onuň sahabalarynyň aramgählerine, belli metjitlere we beýleki keramatly ýerlere zyýarat etdiler.

Ýene degişli makalalar

Haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza gaýdyp geldi
Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler
Gurbanguly Berdimuhamedow Haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň birinji mejlisini geçirdi, Arkadag şäherinde durmuş toýy tutuldy, türkmen zyýaratçylary Saud Arabystanyndan Watanlaryna dolandylar we beýleki habarlar
Magtymgulynyň döredijiliginde syrly ýyllaryň beýany
Türkmenhowaýollarynyň uçary Jiddada garşylandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Mekgede sadaka berdi, 20-den gowrak halkara güwänamasyna mynasyp bolan akylly şäher Arkadag Kazanyň we Telawiniň doganlyk şäheri boldy, Ärdogandan TOGG kysymly türk elektromobilleri sowgat berildi we beýleki habarlar