Mälim bolşy ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ildeşlerimiziň haj parzyny berjaý etmekleri üçin zyýaratçylarymyzy Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi. 15-nji iýunda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligi tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen türkmen zyýaratçylarynyň ilkinji tapgyry Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän watandaşlarymyz tutuş dünýäniň zyýaratçylarynyň millionlarçasy bilen bir hatarda, sahawatly günlerde mukaddes Käbä tagzym etmek we beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede bolarlar.
Ýurdumyzyň zyýaratçylary Parahat-7 ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän Hezreti Omar metjidine ugradylar. Zyýaratçylara metjitde bolmagynyň barşynda yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan keramatly Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý etmek ugrunda döredip berýän şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Gurban baýramy döwürleriň we nesilleriň dowamat-dowamlylygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlylygy alamatlandyrýar. Din wekilleri hem-de zyýaratçylar milletimiziň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Zyýaratçylar Hezreti Omar metjidinden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldiler.