Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradyldy

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý etmek üçin Saud Arabystanyna ugradyldy

Türkmen zyýaratçylarynyň ýüzlerçesi haj parzyny berjaý etmekleri üçin 2-nji iýunda, ilkinji tapgyrda Aşgabat Halkara howa menzilinden Saud Arabystanyna ugradyldy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, zyýaratçylar ir bilen Aşgabatdaky Hezreti Omar metjidinde boldular. Bu ýerde olar haj parzyny berjaý etmäge döredilýän mümkinçilikler üçin hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra ýurduň paýtagtynyň we welaýatlarynyň ýaşaýjylary bolan türkmen zyýaratçylary Aşgabat Halkara howa menzilinden "Türkmenhowaýollary" agentliginiň döwrebap uçarynda Saud Arabystanynyň Jidda şäherine tarap ugur aldylar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň 10-njy iýuny — 9-njy iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmekleri üçin, 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy. Şunuň bilen baglylykda, agentlik tarapyndan zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin, 10 sany ýörite gatnawlar ýola goýlar.

Şeýle-de agentligiň resmi saýtynda haj möwsüminde zyýaratçylaryň haj parzyny berjaý etmekleri üçin zerur bolan ähli guramaçylykly işleriň ýerine ýetiriljekdigi barada aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň täze meýilnamasyny mälim etdi
“Türkmenhowaýollary” Jidda şäherine ýolagçy howa gatnawlarynyň sanyny artdyrýar
“Türkmenhowaýollary” Kuala-Lumpura hepdede iki gezek howa gatnawlaryny amala aşyrar
Türkmenhowaýollary Jidda şäherine ýolagçy gatnawynyň sanyny artdyrdy
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi
Saud Arabystanynа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi