Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler

Türkmen zyýaratçylary haj parzyny berjaý edip geldiler

Mälim bolşy ýaly, türkmen zyýaratçylarynyň uly topary haj parzyny berjaý etmek üçin, yslam dünýäsiniň mukaddes künjegi bolan Saud Arabystanynda boldular. Şu gün şol toparyň galan bölegi-de Türkmenistana gaýdyp geldi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň mübärek günlerinde Türkmenistanyň bäş welaýatynyň we paýtagtynyň wekilleri dünýäniň millionlarça zyýaratçylary bilen bilelikde, mukaddes Käbä tagzym etmek, beýleki däp-dessurlary berjaý etmek üçin Mekgede hem-de Medinede boldular.

Zyýaratçylar ýörite uçarda Aşgabat Halkara howa menziline geldiler. Soňra olar döwrebap awtobuslarda Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän Hezreti Omar metjidine bardylar. Metjidiň ýanynda olary dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary garşyladylar. Zyýaratçylar bu ýerde hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Din işgärleri hem-de zyýaratçylar milletiň örän baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde milli däp-dessurlary dowam etmegiň we olaryň aýawly saklanylmagynyň ýaş nesilleriň terbiýelenilmeginde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygnananlar türkmen halkynyň Milli Liderine we hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowa bu meseleleriň oňyn çözülmegine döwlet derejesinde üns berilýändigi, haj parzyny ýerine ýetirmäge zerur şertleriň döredilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Haj parzyny berjaý eden zyýaratçylar türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Ozal habar berşimiz ýaly, haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary mübärek Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde mukaddes Mekge şäherinde gurbanlyk sadakasyny berdiler.

Ýene degişli makalalar

10-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
TÜRKMEN ZYÝARATÇYLARY MEKGÄ HAJA UGRADYLAR
Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar
Çeşmeler: Haj zyýaratynda 18 türkmenistanly zyýaratçy wepat boldy
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar