Saud Arabystany Patyşalygynda musulmanlaryň mukaddes Gurban aýynda haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Türkmenistana dolanyp geldiler. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.
Türkmen zyýaratçylary zyýarat saparynyň dowamynda zerur bolan ähli şertler, awtoulaglardyr beýleki hyzmatlar bilen ýokary derejede üpjün edildi. Zyýaratçylar keramatly Käbede, ekiz şäherler diýlip bilinýän Mekge we Medine şäherlerinde, Safa we Merwe daglarynyň arasynda, Zemzem çeşmesiniň töwereklerinde, Arafat, Mina, Nur daglarynda we beýleki mukaddes ýerlerde zyýarat etdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasyna laýyklykda, haj parzyny berjaý etmek üçin, 275 zyýaratçy şu ýylyň 2-nji iýulynda Saud Arabystany Patyşalygyna iberildi. Olary zyýarata eltmek we yzyna getirmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmenhowaýollary agentligi öz serişdeleriniň hasabyna ýörite guralan gatnaw arkaly amala aşyrdy.