Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleri atly mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda türkmen gelin-gyzlarynyň nepis el işleri barada söhbetdeşlik we aýdym-sazly dabara geçirildi.
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen dabarada muzeýiň hünärmeni Şirin Baýramowa, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy Bahar Jepbarowa, şol institutyň mugallymlary Ogulşirin Akyýewa, Gülsenem Meredowa, Aknabat Myradowa türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bilen döreýän, kalbynyň nury siňen, älemgoşar öwüşginli ajaýyp keşdeler, türkmen milli lybaslary we olaryň görnüşleri, ýaş aýratynlyklary boýunça tapawutlary, çaga eşikleri we olara dakylýan şaý-sepler barada täsirli gürrüňler bilen çykyş etdiler.
Hawa, ene-mamalarymyzyň sünnäläp çeken keşdeleri, dokan halylary we beýleki el işleri gadym döwürlerden bäri dünýä ýüzünde tanalyp, uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olar asyrlardan asyrlara geçip, aýawly saklanyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şeýle hem söhbetdeşligiň dowamynda muzeýiň hünärmenleri we institutyň talyp gyzlary türkmeniň nepis el işlerini ýerine ýetirmek arkaly öz ussatlyklaryny görkezdiler.
Dabarada Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Hazyna aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp aýdymdyr sazlar ýaňlandy.