Türkmen zenanlary hijap dakynmak üçin yzarlanýar

Türkmen zenanlary hijap dakynmak üçin yzarlanýar

Aglaba köpçüligi musulman ilatly Türkmenistanda ýene-de yslama uýýan dinçilere basyş güýçlendi. Şu günler köçä hijaply çykan zenanlar saklanyp, polisiýa alnyp gidilýär.

Aşgabatda hijap dakynan aýal-gyzlar güýç gulluklary tarapyndan saklanyp, ýaşaýan ýerindäki etrap prokuraturasyna alnyp barylýar we soraga çekilýär.

Saklanan zenanyň ýanynda mobil telefony bar bolsa, elinden alynyp, MHM-niň işgärleri tarapyndan barlanýar we mobil telefonda edilen hereketler jikme-jik öwrenilýär. Bu barada Azatlygyň paýtagtdaky habarçysy we çeşmeleri 31-nji oktýabrda habar berdi.

"Sorag çäresiniň barşynda zenanlara türkmen milli eginbaşlaryndan başga, ýagny arap medeniýetine mahsus bolan egin-eşikleriniň dünýewi Türkmenistanda gadagan edilýändigi düşündirilýär. Olara başyny ýapmak islese, türkmen aýal-gyzlarynyň kellesine daňýan ýalyklarynyň şekilinde geýmäge borçlandyrýar" diýip, çeşmeleriň biri aýdýar.

Azatlyk bilen howpsuzlyk aladalary sebäpli anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly çeşmeler hijaply saklanyp, soraga çekilen zenanlara mundan beýläk 'gara sanawa' goşulandygy aýdylýar we olara daşary ýurtlara çykmagyň gadagan edilenligi duýdurylýar.

"Eger saklanan hijaply zenanyň ýanynda telefony bolmasa, onuň ýaşaýan ýerine baryp, jaýy dörýärler we telefon, kompýuter, noutbuk ýaly özlerini gyzyklandyran elektroniki enjamlary alýarlar we olaryň içindäki düzümi öwrenmek üçin gurallary esli wagtlap saklaýar", diýip, ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşme aýtdy.

Şeýle-de, köpçülik öňünde dini eşikli görünýän zenanlaryň ýaşaýan ýerlerinde jogapkär bölüm polisiýa işgärleri öýme-öý aýlanýarlar we hijap geýmezlige ündeýärler. "Hijaply diňe öýde bolup bilersiňiz, daşary çykanda birmeňzeş hemme aýal-gyzlara kybapdaş geýinmeli" diýip polisiýa işgärleriniň düşündirýändigini habarçy belleýär.

Azatlyk Radiosy paýtagtda hijaply zenanlaryň saklanmagy bilen bagly ýagdaý we onuň sebäpleri barada kanun goraýjy wekillerinden resmi görnüşde maglumat alyp bilmedi.

Habarçylarymyz dine uýýan raýatlaryň gitdigiçe köpelýändigini we olaryň arasynda ýaşlaryň köpdügini belleýärler. Olaryň sözlerine görä, ýurtdaky agyr sosial-ykdysady şertler, kesgitsizlik we hökümetiň gysyşy raýatlarda garşylyk duýgularyny güýçlendirýär. Erkek we zenan adamlar, gyzlar we oglanlar öz obalarynda we şäherlerinde mollalardan gizlin sapak alýarlar.

"Olar şeýdip, reallykda daşlaşyp, hökümetiň alyp barýan propagandasyna tasirsiz bolýarlar. Hökümetiň telеýaýlymlarynda we radiosynda gije-gündiz 'ýurduň parahatçylykly we abadançylykly garaşsyz-baky-bitarap syýasatynyň' halk köpçüligine tasiri bolmaýar.

Adamlar özleriniň ruhy dünýäsini kanagatlandyrmak üçin özleriniň içki dünýäsine çümüp, ruhy boşluklaryna teselli tapmak üçin dürli dinlere uýup, şondan ýüreklerine ýeňillik gözleýärler" diýip, çeşmeleriň biri belleýär.

Azatlygyň türkmenistanly çeşmeleriniň sözlerine görä, bu ýagdaý hökümetde alada döredýär we ýurt resmileri ilata basyş üsti bilen ýagdaýa reaksiýa görkezýärler.

Türkmen hökümeti dinçileriň ençeme ýyl bäri yzarlanmagyna degişli ýagdaýlary resmi derejede düşündirmedi.

Halkara hasabatlarynda dünýä derejesinde din azatlyklaryny iň gödek depeleýän ýurtlaryň hatarynda agzalýan Türkmenistanyň hökümeti tankytlary kabul etmeýär.

Türkmen wekilleri adam hukuklary boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirişi barada berýän döwürleýin hasabatlarynda ilatyň din azatlygynyň berjaý edilýändigini öňe sürýär. Şeýle-de bolsa, türkmen häkimiýetleri dinçilere gözegçiligini we basyşyny soňky bir ýyldan gowrak wagt bäri has hem güýçlendirdi.

2023-nji ýylyň bahar aýlarynda aýal-gyzlara dini ynanjy sebäpli basyş görkezilip, Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň işgärleri metjide barýan, namaz okaýan we hijap atynýan aýallary soraga çekip başlady.

Metjide gatnaýan erkek ýaşlara hem basyş edilýär. Oktýabryň başynda MHM-niň işgärleri Balkanabatda, Türkmenbaşyda we beýleki etraplarda metjitlere gatnap namaz okaýan we juma namazyna barýan ýaşlaryň ençemesiniň soraga çekdi.

Şeýle-de, welaýatlarda dinçi görünýän adamlaryň yzarlanmagy döwlet ýolbaşçylarynyň sapar edýän wagtynda güýçlenýär.

Awgustyň başynda Balkanda hijap dakynan aýallar we sakgally erkekler polisiýa tarapyndan saklanyp, erkekler sakgalyny syrmaga mejbur edilip, aýallara hijap dakynmaz ýaly basyş edilipdi. Şonda polisiýadaky çeşmeler çäklendirmeleriň sebäbini düşündirip, "Sebäbi bu prezidentiň halamaýan zatlarynyň biri" diýipdi.

Sünni musulman dinine uýýan ilatly dünýewi döwletiň ýolbaşçylarynyň dini ybadatlaryna yzygiderli gatnaşmagy resmi derejede dabaralanýar. Prezident we öňki prezident Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň haj zyýaratlary, metjitlerde namaza gatnaşmagy, sadaka bermegi döwlet telewideniýesinde yzygiderli görkezilýär, metjitlere olaryň atlary dakylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanlylar Siriýada Asad režiminiň çöküşini maslahat edýär
Hindistanda Metjitler Nyşana Alyndy
Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy
Edara ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ýat tutmaly boldular
Germaniýada Metjide Hüjüm Guralmaga Synanşyldy
Abatlaýyş Işleri Tamamlanan Sultanahmet Metjidi Dabaraly Ýagdaýda Açyldy