Türkmen zenanlary 'gözellik gadagançylygy' barada pikir alyşýarlar we basyşa garşylyk bildirmäge synanyşýarlar

Türkmen zenanlary 'gözellik gadagançylygy' barada pikir alyşýarlar we basyşa garşylyk bildirmäge synanyşýarlar

Kosmetika, häzirki zaman geýimleri we aýallara girizilen beýleki çäklendirmeler Türkmenistanyň ilatynyň arasynda nägileligi döredýär. Aýallaryň "özüne çekiji" geýimleri geýmegine we kosmetiki serişdeleri ulanmagyna gadaganlyk meselesi giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Käbir ýagdaýlarda aýal-gyzlar özlerine garşy eden-etdilige garşy durmaga synanyşýarlar.

Aýal-gyzlaryň arasynda "täze düzgünler", polisiýanyň özbaşdaklygy we zenanlaryň daşky görnüşini barlamamaga girişýän "raýat eşikli adamlar" barada diskussiýalar gidýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary gürrüň berýärler.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň aýal maşgalalaryna ýüzüne kosmetika çalmak, dyrnaklaryny reňklemek, saç boýamak, dar köýnek geýmek, jynsy we umuman jalbar geýmek gadagan edildi. Mundan başga-da, aýallardan adaty giň köýnek we nagyşly türkmen balagyny geýmek talap edilýär. Durmuşa çykan aýallardan başyny örtmek hem talap edilýär. Ýatlatsak, "gözellik" gadagançylygy aprel aýynyň başynda botoks we emeli dyrnak gadagançylygy bilen başlanypdy.

Döwlet edara-kärhanalary we okuw jaýlary dessine talaplary gyşarnyksyz ýerine ýetirmek işine işjeň girişdiler. Netijede, aýallar kosmetika serişdelerini ulanandygy üçin işden kowulmak howpy bilen ýüzbe-ýüz boldular. Bu aralykda botoks, dodak çişirmek we silikon bilen göwsüni ulaltmak hyzmatlaryndan peýdalanan zenanlar döwlet awiakompaniýasyndaky we demirýol edaralaryndaky iş ýerlerini ýitirip başladylar. Daş keşbine degişli bu zatlar olaryň işden çykarylmagyna sebäp boldy.

Dürli şäherleriň köçelerinde polisiýa aýal-gyzlaryň daş keşbine gözegçilik edýär. Aýallaryň daş keşbi sebäpli köçelerde polisiýa tarapyndan eden-etdilikli saklanmagyna we jerimä sezewar edilmegine degeşli ýagdaýlar ýygy-ýygydan bolýar.

11-nji maýda Azatlyk Radiosynyň habarçysy diňe bir türkmen aýal-gyzlarynyň däl, eýsem beýleki milletleriň wekilleriniň hem daş keşbi sebäpli Aşgabadyň köçelerinde saklanandygyny habar berdi.

"Patrul awtoulagy hususy taksini kowalap, ulagyň içinde jeans geýen bir rus ulagdan çykardy we ony polisiýa bölümine eltjek boldy. Ýöne ol gyz özüniň kämillik ýaşyna ýetmändigini aýdyp, polisiýanyň ony alyp gitmäge hukugynyň ýokdugyny öňe sürdi. Ony goýberdiler" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy gürrüň berdi.

Zenanlar köçelerdäki eden-etdilige garşy durmagyň ýollaryny gözleýärkä, döwlet edara-kärhanalarynda işleýän aýallar we okuw jaýlaryndaky gyzlar öz nägileligini aç-açan aýtmakdan saklanýarlar we işsiz, okuwsyz galmak gorkusy bilen talaplary sessiz ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar.

Uzaga çeken ykdysady krizis we koronawirus pandemiýasy ilatyň durmuş-ykdysady meselelerini hasam kynlaşdyrdy. Bu döwürde häkimiýetler haýsydyr bir problemanyň bardygyny boýun almakdan ýüz öwrüp, ilata ýyl-ýyldan gözegçiligini güýçlendirmek bilen boldular. Öňki prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçenden soň, häkimiýetleriň ilatyň şahsy durmuşyna gatyşmagynyň möçberi öň görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendi.

Bir aýyň içinde ýurduň ýaşaýjylary resmi nikalaşmazdan bilelikde ýaşaýan jübütleri anyklap tapmak boýunça polisiýa reýdleri ýaly dürli ýanamalara sezewar boldular. Jübütler köçelerde saklanýar, nika şahadatnamalary barlanýar we olar bilen ahlak barada düşündiriş gepleşikleri geçirilýär.

Türkmen häkimiýetleri aýal-gyzlara awtoulaglaryň öňdäki oturgyçlarynda otumagy we durmuşa çykanda ak toý köýneklerini geýmegi hem gadagan etdi.

Mundan başga-da, Azatlykyň çeşmelerine görä, türkmen hökümeti aýal-gyzlaryň ýurtdan çykmagyny düýbünden gadagan etmegi göz öňünde tutýarlar.

Türkmenistanda aýal-gyzlara garşy gadaganlyklar we çäklendirmeler, bu ýurduň BMG-niň Aýal-gyzlar geňeşiniň üç ýyllyk agzalygynyň birinji ýylynda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy we ýurt tarapyndan gol çekilen halkara konwensiýalar aýallaryň hukuklaryny doly kepillendirýär.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Halal Expo 2024 halkara sergisi Türkmenistanyň telekeçilerini oňa gatnaşmaga çagyrýar
Gözellik serişdeleleri haçan oýlanyp tapylypdyr?
Berdimuhamedow krizis döwri Aşgabady abadanlaşdyrmagy’, Kosmetika merkezini gurmagy tabşyrdy
Türkmenistanda studentlere mobil telefonlary, Interneti ulanmak gadagan edildi
Dogry iýmitlenmek uzak ömrüň girewi