Tokioda geçirilýän XXXII tomusky olimpiýa oýunlarynda arkan ýüzüş ussatlary medal almak üçin 200 metr aralykda bäsleşdiler. Ýigrimi dokuz baýrak dalaşgäriniň gatnaşan erkekler maksatnamasynyň bu görnüşinde Türkmenistanyň wekili Oýunlaryň açylyş dabarasynda baýdak göteren halkara sport ussady, 26 ýaşly aşgabatly Merdan Ataýew boldy.
Ol ilkinji deslapky ýüzüşde çykyş edip, pellehana 2 minut 3,68 sekuntda ýetmek bilen, bu aralykda öňki görkezijisini 3,38 sekunt gowulaşdyrdy.
Maksatnamanyň bu görnüşinde russiýaly Yewgeniý Rylow öňde barmak bilen, iki gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol pellehanada 1 minut 53,27 sekunt netijäni görkezdi we ozal ABŞ-ly türgen Taýler Klara degişli bolan Olimpiýa rekordyny (1.53.41) täzeledi. Ikinji ýeri Raýan Merfi (ABŞ) ‒ 1.54.15 eýeledi. Bürünç medaly angliýaly Lýuk Greenbäňk gazandy ‒ 1.54,72.
Şeýlelik bilen, türkmen ýüzüjileri Tokio Olimpiadasynda çykyşlaryny tamamladylar.
Ondan öň 100 metr aralyga ýüzmekde M.Ataýew 55,24 sekunt wagt bilen pellehana geldi. Bu, 2019-njy ýylda Kwanjuda geçirilen dünýä çempionatyndaky netijeden 0,10 sekunt, ondan öň Rio de Žaneýroda geçirilen Olimpiadadakydan 1,10 sekunt gowy netije boldy.
Toparymyzyň iň juwan agzasy 19 ýaşly Darýa Semýonowa 1 minut 16.37 sekuntda 100 metr aralyga gurbaga usulynda ýüzüp geçdi. Bu, Koreýa Respublikasynyň Kwanju şäherinde 2019-njy ýylda geçirilen dünýä çempionatyndakydan 0,36 sekunt gowy netijedir. Onuň 14 ýaşynda ilkinji gezek çykyş eden Rio de Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlary bilen deňeşdirilende, Darýa bu aralykda netijesini 3,47 sekunt ýokarlandyrdy.
Ýüzmek Olimpiadalarda goýulýan medal sany boýunça ikinji orny eýeleýän sportdur. Türgenler 37 baýrak toplumy üçin bäsleşýärler: erkekler we aýallar üçin 18 + garyşyk estafeta. Mundan köp baýrak diňe ýeňil atletikada goýulýar (48).