Türkmen ýörite gulluklary VPN ulgamlaryna garşy alyp barýan çäklendirme çärelerini ýene-de güýçlendirýär

Türkmen ýörite gulluklary VPN ulgamlaryna garşy alyp barýan çäklendirme çärelerini ýene-de güýçlendirýär

Azatlygyň türkmen hökümetindäki çeşmesi Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Psiphon 3 VPN ulgamyny ýörite nyşana alýandygyny, şeýle-de häkimiýetleriň beýleki VPN ulgamlary, şol sanda tölegli ulgamlary petikleýändigini habar berýär.

Mundan ozal ýurt içindäki hökümete ýakyn ynamdar çeşme fewralyň aýagynda Türkmenistanda häkimiýetleriň VPN ulgamlaryna garşy göreşi hem-de Azatlygyň saýtyny petikli saklamak boýunça görýän çärelerini güýçlendirendigini habar beripdi.Häkimiýetleriň VPN-lere garşy alyp barýan göreşleriniň tolkuny soňky wagtlarda güýçlenip dowam edýär. Ýatlasak, Azatlyk türkmen häkimiýetleri bilen Rohde & Schwartz kompaniýasynyň raýatlary yzarlamaga degişli enjamlar boýunça hyzmatdaşlyk edýän bolmak ähtimallygy barada derňew işini geçirip, 31-nji ýanwarda bu derňewiň netijelerini okyjylara we diňleýjilere ýetirdi.

Munuň yzýany ýurtda häkimiýetler VPN ulgamlaryny petiklemek boýunça görýän çäreleriniň depginini güýçlendirdi.Derňewden mälim bolşuna görä, Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň birindäki çeşmesi, Rohde & Schwarz kompaniýasynyň Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi bilen gönüden-göni işleşmeýändigini habar berdi. Ýöne ol kompaniýanyň türkmen hökümetini üpjün eden enjamlary we ekspert maglumatlary bilen ýörite gulluklar raýatlaryň özara elektron aragatnaşygyny yzarlaýandygyny habar berdi. Şeýle-de derňewiň netijelerine görä, raýatlary yzarlamak işlerini aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýan iki ýerli hususy kompaniýa durmuşa geçirýär.

Olaryň biriniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri bolup, bu firmany gönüden-göni Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi dolandyrýar.Bu maglumatyň yzýany Azatlyk Radiosy Rohde & Schwartzyň adamlary yzarlamaga mümkinçilik döredýän enjamlary barada Guramaçylykly jenaýat we korrupsiýa maglumatlary proýektiniň (OCCRP) kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmeni Michal Rysiek Wozniak bilen gürrüňdeş boldy.

Ol agzalýan nemes kompaniýasynyň Internet saýtynda hödürlenýän azyndan üç önümini Interneti aňtamakda hem-de VPN-i bökdemekde ulanyp bolýandygyny tassyklady.Azatlygyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, täze ýyla geçip, Türkmenistanda häkimiýetler ulanyjylaryň VPN ulgamlaryndan peýdalanmagyna ymykly päsgelçilik döredip gelýär.

Azatlyk Radiosynyň Psiphon 3 VPN ulgamy Internet ulanjylaryny anonim ýagdaýda Azatlygyň saýtyna girmäge hem-de ondaky maglumatlary okamaga, diňlemäge we onda çap edilýän wideolara tomaşa etmäge mümkinçilik döredýär.Bu tilsimi Azatlygyň saýtynda ýerleşdirilen degişli çelgilerden indirmek mümkin.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Azatlygyň derňewinden soň, häkimiýetler VPN-e garşy göreşi has-da güýçlendirýär
Ekspert: Rohde & Schwarzyň gurallary Türkmenistanda Interneti yzarlamaga mümkinçilik döredýär
Türkmenistan ilatyna dünýäde iň pes tizlikli Internet hödürleýän ýurt “Ookla”
Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýt petikli
Awtoulaglaryny paýlaşýar
Dünýäde iň haýal internetli Türkmenistanda ýerli IT kompaniýalary kiberhowpsuzlygy maslahat edýär