Soňky hepdelerde Türkmenistanyň metjitlerinde etrap, welaýat ymamlary derejesinde gonamçylyklarda merhumyň suraty bilen oturdylan mazar daşlarynyň yslam dininiň kadalaryna ters gelýändigi barada wagyz güýçlendi diýip, ýerli çeşmeler habar berýär.
Aýdylmagyna görä, ymamlar ýüzi suratly mazar daşlarynyň ýa aýrylmalydygyny, ýa-da ondaky suratyň ýüzüniň görünmez ýaly edilmelidigini aýdýarlar.
Aşgabatly ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bu aýdylýanlary tassyklap, ozalky Gazanjyk, häzirki Bereket şäherindekiYmam Agzam metjidinde ýerli ymamyň soňky günler Baýram şehit gonamçylygyndaky ýüzi suratly mazar daşlaryny aýyrmagyň wagzyny edýändigini gürrüň berdi.
Şeýle-de ýazyjybu ýagdaý bilen gyzyklanyp, degişli resmiler Baýram şehit gonamçylygynyň müjewüri, Berekediň ymamy, Balkan welaýatynyň ymamy bilen telefonda gürleşendigini, olaryň bu talaby dinhem-de ýokardan berlen görkezme bilen düşündirmäge synanyşýandygyny aýtdy.
Ýüzi suratly mazar daşlaryny aýyrmak talaby Bereket şäheriniň 3-4 kilometrliginde ýerleşýän Baýram şehit gonamçylygynda häzir durmuşa geçirilmeginiň öň ýanynda dur diýip, ýerli çeşme habar berýär.
“Bu gonamçylykdaýüzi suratly mazar daşlarynyň 76-synyň sanawy düzülipdir we merhumlaryň hossarlarynaol daşlary ýa gyssagly aýyrmalydygy, ýa-da suratlaryň ýüzüne görünmez ýaly reňk-beýleki çalmalydygy barada habar ýetirildi” diýip, bu habary ýazyjy Bugaýew hem tassyklady.
Azatlyk radiosy bu ýagdaý barada düşündiriş almak üçin Balkan welaýatynyň ymamy Ahmet Amanlyýewe telefon etdi, emma ol soragy diňläp, hiç hili düşündiriş bermän,telefon gepleşigini kesdi.
Balkanly çeşmeleriň maglumatlaryna görä, mundan bäş-alty ýyl öň hem bu welaýatda, şol sanda häzirki Bereket etrabynda ymamlar dini kitaplarda beýle zadyň ýokdugyny aýdyp, merhumyň üçüni, ýedisini we kyrkyny bermezligi wagyz edipdiler we hatda obaly, şäherli mollalara bu hili ýas üýşmeleňlerine barmazlygy tabşyrypdylar.
Emma adamlaryň barybir ogryn-dogryn ata-baba däplerine eýerýändigini, ýagny merhumyň belli günlerini adat bolşy ýaly geçirýändigini görüp, soň olar mollalara haýbat atmalaryny bes etdiler diýip, balkanly ynamdar çeşme Azatlyk radiosyna aýtdy.
Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, garaşsyzlyk ýyllarynda merhumy jaýlamak we ýas tutmak bilen bagly öňden gelýän däpleri sorag astyna almak Türkmenistanda wahhabizm ideýalarynyň güýçlenmegi bilen başlandy. Şol bir wagtda türkmen häkimiýetleriniň uzyn sakgal goýberýän ýaş ýigitleri yzarlap, wahhabizme garşy “özboluşly göreş” alyp barýandygy aýdylýar.
Ýöne döwlet tarapyndan bellenilýän we hökümetden aýlyk alýan ymamlaryň, müjewürleriň arasynda hem wahhabizm ideýalary esasynda suratly mazar daşlaryny ýykmagy, wandalizmi goldaýanlar az däl diýip, howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran ýerli synçy aýtdy.
Mundan öň Türkmenistanda ýol gurluşygy, şäheri abadanlaşdyrmak proýektleri esasynda gonamçylyklaryň ýapylan, ýykylan wagtlary bolupdy. Muňa mysal edil 15 ýyl çemesi ozal ýapylan Mahmyt işan gonamçylygyny, üstünden ýol ýa gurluşyk düşen Goçgar ata, Didar baba, Garadamak gonamçylyklaryny agzamak bolar.
Şeýle ýagdaýlarda köne mazarlaryň üstünden suw goýberilen halatlary-da, adamlara öz hossarlarynyň galyndylaryny özleriniň aýyrmagynyň tabşyrylan halatlary-da, bu işiň esgerlere we studentlere buýrulan gezekleri-de boldy.
Aýdaly, 2002-2003-nji ýyllarda Aşgabadyň 52-nji orta mekdebiniň ýokary klasynda okan okuwçy gyzyň Azatlyk radiosyna aýtmagyna görä, ol şol wagt öňki “Aziýa-Planeta” diýlip atlandyrylýan dynç alyş merkeziniň gabadyndaky gonamçylygyň sürlen ýeriniň çöp-çalamyny ýygnamaga eltenlerinde, klasdaşlary bilen çaşyp ýatan adam süňklerini hem ýygnamaly bolupdyr.
Çeşme: Azatlyk radiosy