Türkmen ylmynyň ägirdi, çölleri öwreniji tanymal alym Agajan Babaýew 90 ýaşady

10-njy maýda geomorfolog we çölleriň tipologiýasy babatda ussat hünärmen, akademik, geografiýa ylymlarynyň doktory, professor Agajan Geldiýewiç Babaýewiň 90 ýaşy doldy, ol ömrüniň 70 ýylyny ylmy we mugallymçylyk işine bagş etdi.

Agajan Geldiýewiç Maryda dünýä indi, 1953-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň tebigy ylymlar-geografiýa fakulteini we aspiranturasyny tamamlady, soňra bu ýerde 10 ýyllap sapak berdi. Şu döwürde fiziki geografiýanyň, geomorfologiýanyň we geoekologiýanyň meseleleri onuň ylmy işinde esasy orun tutdy. Çölleşmäge garşy göreş, göçýän gum depelerini berkitmegiň, tokaýlaşdyrmagyň we ösümçilik üçin özleşdirmegiň usullaryny işläp taýýarlamak alymyň ýörüteleşen ylmy barlaglarynyň möhüm ugry boldy.

Agajan Babaýew “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” halkara ylmy-amaly žurnalyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi we neşiriň baş redaktory boldy, onuň sahypalarynda ylmy barlaglaryň netijeleri we bu ulgamdaky dünýä tejribeleri çap edilýär.

Aralyň meselelerini çözmegiň dürli ugurlary, maldarçylygy ösdürmek we gurak ýerleriň iýmlik binýadyny berkitmek, gumuň we çöllük ýerleriň meliorasiýasy neşiriň esasy temalarydyr.Agajan Babaýewiň ylmy işleriniň 300-si we monografiýalarynyň 17-si neşir edildi, olaryň köpüsi rus, iňlis, nemes, fransuz, arap we hytaý dillerine terjime edildi.

Onuň “Garagum çöli” (1963), “Türkmenistanyň oazis çölleri” (1973), “SSSR-iň çölleri” (1977), “Dünýä çölleri” (1986), “Gurak ýerleriň geomorfologiýasynyň meseleleri” (1990), “Çölleri özleşdirmegiň meseleleri” (1995), “Gurak ýerleri özleşdirmegiň meseleleri” (1996), ”Merkezi Aziýada çölleriň we çölleşmegiň meseleleri” (1999), “Çölleriň we çölleşmegiň meseleleri” (2012) kitaplaryna daşary ýurtly kärdeşleri ýokary baha berdiler.

Onuň soňky neşirleriniň biri “Çöller barada ylma bagyşlanan ömür” atly kitabydyr.Ol beýleki awtorlar bilen bilelikde orta mekdepler üçin “Umumy fiziki geografiýa” (1992), “Materikleriň we ummanlaryň geografiýasy” (1994), “Türkmenistanyň fiziki geografiýasy” (1997) okuw kitaplaryny taýýarlady.

Türkmen alymy TGHJ-niň XIV Baş assambleýasyny Aşgabatda (1978), SSSR-iň (1976), Ýaponiýanyň (1980), Fransiýanyň (1984), Awstraliýanyň (1988) halkara geografiýa kongresslerini, şeýle hem 1996-njy ýylda ýurdumyzda geçirilen “Çölleşmäge garşy göreş boýunça BMG-nyň Konwensiýasy milli çemeleşme” forumyny, Çölleşmäge garşy göreş boýunça BMG-nyň Konwensiýasyny işläp taýýarlamaga gatnaşdy.

Ol dürli ýyllarda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyna (ÇÖHDMI), Merkezi Aziýanyň çölleriniň meseleleri boýunça ylmy geňeşe, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň durnukly ösüş boýunça halkara toparynyň ylmy-maglumatlar merkezine, respublikan geografiýa jemgyýetine, Çölleşmäge garşy göreş meseleleri boýunça ylmy barlaglar we bu ugurdan işgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi Aziýa sebit merkezine, ylym we tehnika barada Muhammet al-Horezmi adyndaky Halkara baýragy Komitetine ýolbaşçylyk etdi.

Alymyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň alyp barýan toplumlaýyn barlaglaryna goşandynyň belli bahasy ýokdyr.Agajan Geldiýewiçiň bassyr kyrk ýyl ýolbaşçylyk eden instituty ekologiýa we gurak ýerleri özleşdirmegiň meselelerini çözmäge goşan goşandy üçin 1969-njy ýylda Zähmet Gyzyl Baýdagy ordeni bilen sylaglandy, 1984-nji ýylda bolsa BMG-nyň daşky gurşawy goramak boýunça Maksatnamasynyň kümüş medalyna mynasyp boldy.

Agajan Babaýew Russiýa Federasiýasynyň Tebigy ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy, Yslam dünýäsi akademiýasynyň, Nýu-Ýork akademiýasynyň hakyky agzasy.Ol ylym we tehnika boýunça SSSR-iň döwlet baýragynyň (1981), Karpinskiý adyndaky halkara baýragynyň (Germaniýa, 1991), J.

Pil adyndaky halkara baýragynyň (ABŞ, 1993) eýesi, şeýle hem “Hormat Nyşany” (1985) we “Galkynyş” (1999) ordenleri, S.I.Wawilow adyndaky medal bilen sylaglandy.Türkmen ylmynyň aksakalyny doglan güni bilen kärdeşleri, dostlary, şägirtleri, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlarynyň ylmy jemgyýetçilginiň wekilleri gutladylar we oňa uzak ömür, berk jan saglyk hem-de täze üstünlikler arzuw etdiler.

Daşkentden “Amyderýa” we “Syrderýa” irrigasiýa hem-de basseýnler suw hojalygy guramalayrynyň Orta Aziýa ylmy-barlag institutynyň işi boýunça egindeşi Wiktor Abramowiç Duhownyý Daşkentden onuňka myhmançylyga geldi. “Köplenç çöl barada gürrüň edilende “ony boýun egdirmeli” we “özleşdirmeli” diýýärler.

Aslynda tebigat bilen dostlaşmaly, hojlaygy ýöretmegi onuň şertlerine uýgunlaşdyrjak bolmaly-diýip Agajan Geldiýewiç aýdýar.Türkmenistan çöllük ýerde ýerleşýär, ýurduň ykbaly özboluşly ekoulgamlaryň we tebigy gözellikleriň, şeýle hem jümmüşinde ummasyz baýlyklar ýatan ykdysadymyzyň serişdelr mümkinçiligi bolan Garagum bilen jebis baglanşyklydyr, ol entek özleşdirilmegine garaşýar. Şonuň üçinem çölleri öwrenmek hemişe döwletiň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolar”.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
“Türkmennebit” DK-niň başlygy nebitgaz toplumyndaky täze taslamalary mälim etdi
Türkmennebit halkara nebit-gaz kompaniýalaryny özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrdy
Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň sekiz aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemlerine garaldy
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hasabat ýygnagy geçirildi
DOKMAÇYLARY DÜNÝÄ ÇYKARAN ÝOLLAR
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY