Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi

Türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri eserler ýygyndysyna girizildi

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen Özbegistanyň Ministrler Kabinetiniň ýörite karary esasynda ýurtda Türki dilli edebiýatyň dürdäneleri atly ýüz jiltli eserler ýygyndysy neşir edilýär. Bu barada resmi özbek metbugatynda habar berildi.

Bu eserler ýygyndysynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolan Özbegistanyň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, şeýle hem synçy agzalaryň — Türkmenistanyň we Wengriýanyň XI-XXI asyrlarda ýaşap geçen ýazyjy-şahyrlarynyň 600-den gowragynyň eserleri jemlenipdir.

Eserler ýygyndysynyň 9 jildi türkmen edebiýatyna bagyşlanylyp, olarda Nurmuhammet Andalyp, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Mollanepes, Berdi Kerbabaýew, Hydyr Derýaýew, Gara Seýitliýew, Ata Atajanow, Atajan Tagan, Oraz Ýagmyr, Orazguly Annaýew ýaly nusgawy we häzirki zaman türkmen edebiýatynyň wekilleriniň 60-dan gowragynyň eserleri ýer alypdyr.

Ýene degişli makalalar

Reňkleri dillendiren ussat
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
“Türkmen arhiwi” žurnalynyň täze sany
Halypa hatyrasy
Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?
Prezidentiň täze aýdymy 'edebi ogurlyk' bolup bilermi?