Türkmen ýaý atyjy türgenleri Batumide 8 medal gazandylar

Türkmen ýaý atyjy türgenleri Batumide 8 medal gazandylar

15 — 21-nji noýabr aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde ýaý atmak boýunça Ýewraziýanyň açyk Gran-pri ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşa 8 döwletden türgenleriň 70-den gowragy gatnaşdy. Halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndysy 2 altyn, 4 kümüş we 2 bürünç medala mynasyp boldy.

2006 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Ezizmuhammet Sähedow altyn medala mynasyp boldy. Ezizmuhammet 2002 — 2005-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda hem 1-nji orny eýeledi.

2001-nji ýylda doglan we uly türgenleriň arasynda şahsy görnüşde geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň başlygy Wepa Sähedow kümüş medal gazandy.

Toparlaýyn görnüşde geçirilen bäsleşikde (Wepa Sähedow, Şöhrat Jumakuliýew hem-de Agajan Gullaşow) Türkmenistanyň ýygyndysy kümüş medala mynasyp boldy.

2006 — 2008-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda garyşyk görnüşinde geçirilen ýaryşda Ezizmuhammet Sähedow bilen Aşgabat şäherindäki 44-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Söýli Meredowa 2-nji orny eýelemegiň hötdesinden geldiler.

2001-nji ýylda doglan we uly türgenleriň arasynda garyşyk görnüşinde geçirilen ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Işgärler bölüminiň ýanyndaky Galkan sport merkeziniň başlygy Rüstem Gurbanow bilen Türkmenistanyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň türgeni Oksana Gataulina kümüş medal gazandylar.

2002 — 2005-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda garyşyk görnüşinde geçirilen bäsleşikde Aşgabat şäherindäki 45-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Myrat Ýazmedow hem-de Türkmen döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby Köwser Abbasowa bürünç medala, 2001-nji ýylda doglan we uly türgenleriň arasynda şahsy görnüşinde geçirilen ýaryşda Şöhrat Jumakuliýew bürünç medala mynasyp bolmagy başardylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ýaýdan nyşana ok atmak boýunça ýygyndysy Gruziýada geçiriljek halkara ýaryşa gatnaşar
Garagandaly Ankaradan Batumä çenli 1111 kilometr ýol geçdi
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
Batumi ÝUNESKO-nyň aýdym-saz şäheri statusyny aldy
Gruziýanyň Batumi portunda täze dökün terminaly açyldy
Türkmen karbamidi Batumi porty arkaly beýleki yklymlara ugradylar