Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa nobatdaky gezek okuwa iberiler

Türkmen ýaşlary Hytaýa we Wengriýa nobatdaky gezek okuwa iberiler

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meselesi barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, türkmen ýaşlarynyň bu dostlukly ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine maglumat tehnologiýalary, saglygy goraýyş we lukmançylyk ylymlary, bilim we pedagogika ylymlary, oba hojalyk ylymlary, inženerçilik işi, tehnologiýalar, tehniki ylymlar, matematika we tebigy ylymlar ugurlary boýunça iberilmegi maksadalaýyk hasaplanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurtda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny, türkmen ýaşlarynyň müňlerçesiniň daşary ýurtlaryň abraýly bilim edaralarynda okaýandyklaryny belledi.

Döwlet Baştutany 2025-2026-njy okuw ýylynda Hytaý Halk Respublikasynyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna ýaşlary okuwa ibermek barada taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ösen ýurtlarda soňky 10 ýylda sowatlylyk güýçli pese gaçdy
Dmitriý Peskow gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
Daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine ýaşlary okuwa ibermek meýilleşdirilýär
UEFA Milletler Ligasynyň çärýek finalynyň bijeleri çekildi
2024-nji ýylda Magtymgulynyň eserleriniň ylmy jemgyýetçilige mälim bolmadyk nusgalarynyň üçüsi Türkmenistana getirildi