TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

24-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň işiniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar, şunda durmuşa geçirilen işleriň netijelerine jikme-jik garaldy, şol sanda öň gazanylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagynyň has hem ýygjamlaşdyrylmagynyň zerurlygy bellenilip geçildi.

Şeýle-de Infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýol kartasynda kesgitlenen wezipeleri hemmetaraplaýyn ýerine ýetirmek nukdaýnazaryndan, ýaşyl energetikanyň ösdürilmegi, işewürlik we ylmy gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi derwaýys meseleleriniň hatarynda öňe çykaryldy.

Ýapon hyzmatdaşlar bilen maýa goýumlar we gazhimiýa ulgamlaryndaky, şol sanda Ýaponiýanyň senagat tehnologiýalaryny öndürijileri bilen hem özara hereketleriň oňyn tejribesi aýratyn nygtaldy.

Bu ugurda taraplar JBIC banky, Sumitomo, Itochu Corporation we beýleki iri ýapon korporasiýalary bilen mundan beýläk-de ysnyşykly hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna taýýarlyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory bilen duşuşdy
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi